HABARLAR

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda wekilçilik etjek Türkmenistanyň sport wekiliýetine

Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary! Mähriban türgenler!

Ýeňiş hemraňyz bolsun, türkmen türgenleri!

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym – sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr! Sporta söýgi durmuşa söýgüdir!» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen eşretli eýýamymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülip, bu babatda sanlyja ýyllaryň içinde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirildi. Türkmen türgenleriniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri bolsa olar üçin döredilip berilýän diýseň oňat şert-mümkinçilikleriň tüýs ýerine düşýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar. Sport älemindäki iň uly ýaryşlarda – Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmeklige hukuk gazanmagy hem şeýle uly üstünlikleriň hataryna buýsanç bilen goşmak bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagty Tok

Sagdyn durmuş — sagdyn jemgyýet

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň berk bin­ýa­dy­dyr, äh­li ro­waç­lyk­la­ry­my­zyň we üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň göz­ba­şy­dyr» di­ýip nyg­ta­ýar hem-de ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­ny döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de öň­de goý­ýar, bu ba­bat­da uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Di­ýa­ry­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de äh­li ýer­ler­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len döw­re­bap sta­dion­la­ryň, be­den­ter­bi­ýe we sa­gal­dyş top­lum­la­ry­nyň ga­py­la­ry ýur­du­myz­da sag­dyn­ly­ga sar­pa goý­ýan her bir adam üçin açyk­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­la­nyp, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­me­giň nus­ga­lyk gö­rel­de­si, mek­de­bi bo­lup dur­ýan­dy­gy bi­ziň her bi­ri­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne hem-de en­dik­le­ri­ne bo­lan hö­we­si art­dyr­ýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna ak pata bermek dabarasyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Siziň öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen bedew batly, ynamly öňe barýar, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni kuwwaty hem-de halkara sport abraýy barha pugtalanýar. Siziň: «Häzir Watanymyzda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Geçirilýän bu işler oňat netijelerini hem berýär» diýen çuňňur mazmunly sözleriňiz, ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup kemala gelmekleri barada edýän bimöçber atalyk aladalaryňyz, hormatly Arkadagymyz, Size bolan buýsanjymyzy arşa göterýär.

Olimpiýaçylarymyz abraýly ýaryşda

Türkmen türgenleriniň 9-sy dörtýyllygyň iň iri ýaryşyna – XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýarlar. «Günüň dogýan ýurdunda» ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmak türkmen türgenleriniň baş maksady. Olimpiýa oýunlaryna ugradylyş dabarasynda biziň habarçymyz türgenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň taýýarlyk ýagdaýy baradaky gürrüňlerini, şeýle-de olimpiýa arzuwlaryny ýazga geçirdi. Hojamuhammet TOÝÇYÝEW:

Ildeşlerimiz sport baýramçylygynda

Hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Bu gün türgenlerimiziň dünýäniň iň iri ýaryşlaryna gatnaşmagy köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň netijesidir. Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Tokio şäherine iberilmegi bolsa ýurdumyzyň türgenleriniň ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň Tuguny belentde parlatjakdygyna bolan ynamy artdyrýar.

Halypa hormaty

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda türgenlerimiz halkara arenalarynda netijeli çykyş etmeklerini dowam edýärler. Olaryň ýokary netije gazanmaklarynda tagalla edýän tälimçiler toplan baý tejribelerini şägirtleri bilen paýlaşyp, gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar. Alnyp barylýan bu işlerde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halypa-şägirtlik ýoly giňden beýanyny tapýar. Ine, biziň bu günki söhbetdeşimiz hem bütin ömrüni sportuň basketbol görnüşine bagyş eden, türgen hökmünde-de, tälimçi hökmünde hem özüni kemsiz tanadan halypalaryň biri. Oňa Wagif Mamedow diýýärler.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly ösüşleri bilen täze belentlikleri nazarlaýan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeginde jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gatnaşmagynda guralýan wagyz-nesihat duşuşyklarynda ýaşlaryň saglygyny goramak, agyz-burun boşluklaryndan geçýän dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen ýörite niýetlenen agyz-burun örtüginiň zerurdygy we hökmany ýagdaýda ýolda, işde, öýde we köpçülik ýerlerinde dakynmalydygy barada düşündirilýär. Bellenen araçägiň saklanylmagyna pugta eýermäge çagyrylýar.

Sagdynlygyň gözbaşy

Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, türkmen ýaşlaryny ylymly-bilimli, beden taýdan sagdyn, watançylyk ruhunda sazlaşykly terbiýelemek ugrunda ýadawsyz aladalar edilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň ähli ulgamynda bolşy ýaly, sport ulgamynda-da gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň bu ugra berýän üns-aladalarynyň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda sport mekdepleriniň arasynda bedenterbiýe we sporty giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Türgenleşikleri yzygiderli we maksada okgunly alyp barmak sport taýýarlygynyň esasy düzüm bölegi bolup durýar.

Ezberler ýetişdirilýär

Gahryman hem mähriban Prezidentimiz türkmen halkynyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýe we sporty ösdürmegiň iňňän uly ähmiýetine üns berýär. Sebäbi durmuş tejribesinden görnüşi ýaly, sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolup durýar. Şonuň üçinem Arkadag Prezidentimiz halk köpçüligini, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek bilen il- -gün bähbitli işe badalga berdi. Biziň döwrebap sport mekdebimizde-de ýaşlaryň onlarçasy sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýar. Bilşimiz ýaly, sportuň woleýbol görnüşi ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, onuň bilen meşgullanýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Men sport mekdebimizde türgen gyzlara sportuň woleýbol görnüşi boýunça tälim berip, olaryň ussat woleýbolçylar bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanýaryn. Mekdebimizde ezber woleýbolçylary ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Biz häzirki wagtda şu günüň bildirilýän talaplaryny berk berjaý edip, woleýbolçy gyzlar bilen türgenleşikleri geçirýäris.