HABARLAR

Ildeşimiziň ajaýyp ýeňşi

Mälim bolşy ýaly, şu günler Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary dowam edýär. Dünýä derejesindäki bu abraýly ýaryşlara türkmen türgenleri hem gatnaşýarlar. Golaýda Tokiodan diňe bir sport jemgyýetçiligini däl, eýsem, ähli halkymyzy begendiren we buýsandyran hoş habar gelip gowuşdy. Agyr atletikaçy Polina Gurýewa taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Olimpiýa oýunlarynyň medalyny getirdi. Ildeşimiz agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. P.Gurýewa ştangany götermegiň iki görnüşinde jemi 217 kilogram agramlygy galdyryp, ikinji orny eýeledi we kümüş medala mynasyp boldy. Milli ýygyndy toparyň bu iri ýaryşlara gatnaşmagy biziň türgenlerimiziň ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň belende galdyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär. Ine-de, ilkinji üstünlik! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasyndan ruhlanan türgenler dünýä derejesindäki üstünlikler bilen ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga çalyşýarlar.

Türkmen türgeniniň ýeňiş medaly

27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana getiren Polina Gurýewa XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlarynda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Milli ýygyndy toparymyzyň bu iri ýaryşlara gatnaşmagy biziň türgenlerimiziň ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň belende galdyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär. Ine-de, ilkinji üstünlik! Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladasyndan ruhlanan türgenler dünýä derejesindäki üstünlikler bilen ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etjek sport wekiliýetiniň agzalaryna iberen Ýüzlenmesinde bellenilişi ýaly, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Türgenlerimiziň halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri jemgyýetimizde eziz Watanymyza bolan söýgini terbiýeleýär, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da pugtalandyrýar.

Agyr atletikaçy ildeşimiz kümüş medalyň eýesi

27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny getiren türgen gyzyň üstünlikleri barada ýatlasak, 2017-nji ýylyň maýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda gazanylan altyn medal, 2018-nji ýylyň martynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanylan bürünç medal barada aýtmak gerek. P.Gurýewa ýene-de iki sany uly ýaryşda — 2019-njy ýylyň aprelinde Fiji Respublikasynda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda hem-de 2021-nji ýylyň aprelinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda dördünji orny eýelemegi başardy.

Ildeşimiziň ajaýyp üstünligi

27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Türgen gyzymyz ýaryşda üçünji orny eýelän Ýaponiýanyň wekili Mikiko Andodan öňe geçmegi başardy (silkip götermek — 94 kilogram, itekläp götermek — 120 kilogram). Bu agram derejesinde ştangany silkip götermekde (103 kilogram), itekläp götermekde (133 kilogram) hem-de iki görnüşde (236 kilogram) üç sany olimpiýa rekordlaryny gazanan dünýäniň dört gezek çempiony, dünýä rekordlarynyň 12-siniň eýesi Kuo Sin-Çžun (Hytaý Taýpeýi) birinji orny eýeledi.

Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy

Tokio, 27-nji iýul (TDH). Şu gün Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Milli ýygyndy toparyň bu iri ýaryşlara gatnaşmagy biziň türgenlerimiziň ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň belende galdyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär. Ine-de, ilkinji üstünlik! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasyndan ruhlanan türgenler dünýä derejesindäki üstünlikler bilen ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga çalyşýarlar.

Ýeňijiniň sözi

Polina GURÝEWA,XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi: — Tokioda geçirilýän nobatdaky Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp bolmagym başymy göge ýetirdi. Begenjiňi söz bilen beýan edip bolmajak duýgy! Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanmagymyň gözbaşynda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak babatdaky irginsiz tagallalary dur. Elbetde, Olimpiýa medalynyň eýesi bolmak — her bir türgeniň iň arzyly arzuwy. Şol maksada ýetmek üçin toparymyz bolup çeken ýadawsyz zähmetimiziň ýerine düşendigine çäksiz buýsanýaryn.

Ilkinji medal — baş baýrama sowgat

Türkmenistanly türgen Olimpiýa medalyna mynasyp boldy! Ynha, bu arzyly medal biziň türgenlerimize-de miýesser etdi. Gutly bolsun! Höwri köp bolsun! Şa sözi keramat

Tomusky Olimpiýa oýunlary: sport üstünlikleriniň aýdyň beýany

Türkmen türgenleriniň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri diýseň guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we olimpiýa hereketini, sporty ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dünýä derejeli sport ýaryşlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şeýle hem türkmen türgenleri halkara derejesinde geçirilýän abraýly sport bäsleşiklerinde yzygiderli baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Tokioda geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem ýurdumyza türgenleriň 9-sy wekilçilik edýär. Olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça çykyş edýärler. Dünýäniň çar ýanyndan gelen saýlama sport ussatlary bilen bäsleşige çykyp, öz ýurduňa wekilçilik etmek örän buýsançly wakadyr. Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna teleýaýlym arkaly tomaşa edenimizde, ýaşyl Baýdagymyzy belende göterip geçen türkmen türgenlerimize tüýs ýürekden buýsandyk.

Sagdyn durmuşyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda her bir adamyň sport bilen meşgullanmagy, ýaş nesliň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bolansoň, Diýarymyz sportuň ösýän ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saglygy berkitmegiň baş sakasy bolan sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalarydyr mekdepleri, stadionlar, sportuň islendik görnüşi üçin meýdançalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň halkyň saglygyny, ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ýaşlar bolup ýetişmegini baş maksatlarynyň birine öwrendigine şaýatlyk edýär.

Olimpiýa oýunlary — tejribe mekdebi

Düýn Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň nobatdaky gününiň ýaryşlary tamamlandy. Ýaryşlaryň çäginde biziň ildeşimiz, agyr atletikaçy Kristina Şermetowa Tokio — 2020 Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşyny 205 kilogram agyrlygy götermek bilen tamamlady. Şeýlelikde, ol 55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 14 türgeniň arasynda ilkinji altylyga girdi. Ildeşimiz ştangany silterläp götermekde 90 kilogram agyrlyga hötde geldi. Bu agyrlygy ilkinji synanyşygynda göteren K.Şermetowa soňky iki synanyşykda 93 kilogram agyrlygy talabalaýyk götermek başartmady.