HABARLAR

Ýaş türgenleriň aladasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta uly üns berilýär, ýaşlaryň döwrebap derejede türgenleşmegi, sportda taplanmagy hem-de ýokary sepgitleri eýelemegi ugrunda giň mümkinçilikler açylýar. Bu zatlar sporta höwesli ýaşlarda çäksiz guwanç-buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurlan sport mekdepleri bu gün sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent ýaşlarymyzyň söýgüli ýerlerine öwrüldi. Ýaşlar şol mekdeplerde türgenleşik sapaklaryny geçip, sportda barha taplanýar. Munuň şeýledigine Gökdepe şäherindäki sport mekdebinde bolanyňda hem göz ýetirip bolýar. Mekdep okuwçylarynyň häzirki tomusky dynç alyş günlerinde hem çagalar bu mekdepde hereket edýän sport görnüşlerine höwesli gatnaşýarlar.

Rus­si­ýa­ly ta­ek­won­do­çy­la­ryň il­kin­ji al­tyn me­dal­la­ry

Il­kin­ji ge­zek 2000-nji ýyl­da (1988-nji we 1992-nji ýyl­lar­da sy­nag hök­mün­de bäs­le­şik­ler ge­çi­ri­lip­di) Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len sportuň ta­ek­won­do görnüşi boýunça ýa­ryş­lar ta­mam­lan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da 80 kg ag­ram­da we 80 kg ag­ram­dan ýo­ka­ry de­re­je­le­rin­de rus­si­ýa­ly tür­gen­ler Mak­sim Hram­sow bi­len Wla­dis­law La­rin al­tyn me­dal ga­zan­dy. Şun­luk­da, rus­si­ýa­ly ta­ek­won­do­çy­lar il­kin­ji ge­zek Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly bi­len ta­nyş bol­du­lar. Hram­sow fi­nal­da ior­da­ni­ýa­ly Sa­leh Al-Şa­ra­ba­ti­den, La­rin bol­sa De­mir­ga­zyk ma­ke­do­ni­ýa­ly De­ýan Ge­or­gi­ýews­ki­den üs­tün çyk­dy. Kü­müş me­dal alan iki tür­gen hem öz ýurt­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky ikin­ji Olim­pi­ýa me­dal­la­ry­ny ga­zan­dy­lar. Ior­da­ni­ýa­dan mun­dan öň 2016-njy ýyl­da Ah­mad Abu-Ga­uş ta­ek­won­do­dan al­tyn me­dal alyp­dy. 2000-nji ýyl­da-da Ma­go­med Ib­ra­gi­mow gö­reş­de bü­rünç me­dal ga­za­nyp, Olim­pi­ýa me­da­ly­ny alan il­kin­ji ma­ke­don tür­ge­ni bo­lup­dy.

Rekorda golaýlady

To­kio 2020-de bas­ket­bol ýa­ryş­la­ryn­da «C» to­par­ça­da Slo­we­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 118:110 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da slo­we­ni­ýa­ly Lu­ka Don­çiç 48 utuk ge­çir­di. Du­şu­şy­gy 11 ri­baunt we 5 asist­lik gör­ke­zi­ji­ler bi­len ta­mam­lan Don­çiç Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da bir du­şu­şyk­da iň köp utuk ge­çi­ren ikin­ji bas­ket­bol­çy bol­dy. Bu ugur­da re­kord bra­zi­li­ýa­ly Os­kar Şmid­te de­giş­li bo­lup, ol Se­ul 1988 Olim­pia­da­syn­da Is­pa­ni­ýa bi­len bo­lan oýun­da 55 utuk ge­çi­rip­di.

Me­dal­la­ryň üçü­si­ni-de öza­ra paý­laş­dy­lar

We­los­port bäs­le­şik­le­ri­niň ma­un­ten baý­king gör­nü­şi­niň kross-kant­ri ug­ry bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da me­dal­la­ryň üçü­si­ni-de şweý­sa­ri­ýa­ly tür­gen­ler öza­ra paý­laş­dy­lar. Çe­ke­le­şik­li ge­çen ýa­ryş­da pel­le­ha­na 1 sa­gat 15 mi­nut 46 se­kunt­da gel­me­gi ba­şa­ran Ýo­lan­da Neff al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Onuň wa­tan­daş­la­ry Si­na Fei (1:16:57) bi­len Lin­da In­derg­rand (1:17:05) de­giş­li­lik­de, kü­müş we bü­rünç me­da­ly eýe­le­di­ler.

Ýe­ne-de Fi­ji çem­pi­on­lyk ga­zan­dy

Reg­bi 7 bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da çem­pi­on üýt­ge­me­di. Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­syn­da 2-nji ge­zek Rio 2016 Olim­pia­da­syn­dan bä­ri bo­lan reg­bi 7 bo­ýun­ça çem­pi­on­ly­gy ýe­ne-de Fi­ji­niň ýy­gyn­dy­sy ga­zan­dy. Olar fi­nal­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan 27:12 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Şeý­le­lik­de, fi­ji­li olim­pi­ýa­çy­lar ta­ryh­yn­da ikin­ji Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly­ny ga­zan­dy­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Rio 2016-da Fi­ji­niň ýy­gyn­dy­sy reg­bi 7 bo­ýun­ça çem­pi­on bo­lup, il­kin­ji Olim­pi­ýa me­da­ly­ny ga­za­nyp­dy­lar. To­kio 2020-de bü­rünç me­da­la Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy my­na­syp bo­lup, olar bu ugur­da Rio 2016-nyň kü­müş me­da­ly­nyň eýe­si Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 17:12 ha­sa­byn­da ýeň­di­ler.

Iki do­gan bir gün­de çem­pi­on bol­dy

To­kio 2020-de dzýu­do bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar­da ta­ry­hy wa­ka bol­dy. Ýa­po­ni­ýa­ly do­gan­lar Abe­ler dzýu­do bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar­da bir gü­nüň do­wa­myn­da al­tyn me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar. Il­ki bi­len ze­nan­la­ryň ara­syn­da 21 ýaş­ly Uta Abe 52 kg ag­ram de­re­je­sin­de fi­nal­da fran­si­ýa­ly Aman­din Bu­şar­dan üs­tün çyk­dy. Bu tut­lu­şyk­dan san­ly­ja mi­nut­lar soň Uta Abe­niň özün­den 2 ýaş uly do­ga­ny Hi­fu­me Abe er­kek­le­riň ara­syn­da 66 kg ag­ram de­re­je­sin­de ýe­ňi­ji bol­dy. Ol fi­nal­da gru­zi­ýa­ly Wa­ža Marg­we­laş­wi­li­ni ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şeý­le­lik­de, do­gan­lar Abe­ler Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da spor­tuň bir gör­nü­şin­de ýe­ke­le­ýin bäs­le­şik­ler­de bir gü­nüň do­wa­myn­da al­tyn me­dal alan il­kin­ji do­gan­lar hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

Rekorda golaýlady

To­kio 2020-de bas­ket­bol ýa­ryş­la­ryn­da «C» to­par­ça­da Slo­we­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 118:110 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da slo­we­ni­ýa­ly Lu­ka Don­çiç 48 utuk ge­çir­di. Du­şu­şy­gy 11 ri­baunt we 5 asist­lik gör­ke­zi­ji­ler bi­len ta­mam­lan Don­çiç Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da bir du­şu­şyk­da iň köp utuk ge­çi­ren ikin­ji bas­ket­bol­çy bol­dy. Bu ugur­da re­kord bra­zi­li­ýa­ly Os­kar Şmid­te de­giş­li bo­lup, ol Se­ul 1988 Olim­pia­da­syn­da Is­pa­ni­ýa bi­len bo­lan oýun­da 55 utuk ge­çi­rip­di.

Buýsançnama

Berekella Polina! Kemal tapdyň käriňden,Olimpiýa ýaryşy uzakda Diýaryňdan,Döşüň kümüş medally, parlatdyň ýaşyl Tugy,Älem bakdy ýeňşiňe, guwandy oguz kowmy.Ýaşlyk nämä ukyply, görkezdiň güýç-kuwwatyň, Dünýä belli ýaryşa, heniz ugrajak wagtyň,Ýadyňdadyr Gahryman Arkadagyň aýdany,“Arşa galdyryň — diýip — bu Watanyň adyny.Sport gujur-gaýratdyr, gözbaşy gözelligiň,Sagdynlyk ol ynsana, mekdebi ezberligiň”. Tälim aldyň ussatdan, gysganmadyň wagtyňy,Agyr atletikadan agtardyň sen bagtyňy. Ýaponiýa — Tokio Günüň dogýan ýerinde,Tomusky Olimpiýa, ýeňmek hemmäň serinde.Çykan wagtyň bökjekläp, kän bolandyr geňlänler,Soňra “Aperin!” diýdi, netijäni diňlänler,“Türkmenistan, Gurýewa, eýe ikinji orna!”Ör turanda märeke, ýürekler geldi ýerne. Türgen juda mynasyp, ynha, kümüş medala,Olimpiýa ýaryşy, ýeňiş seniň peýdaňa.

Ilkinji altyn medallar

To­kio 2020-de agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da 55 kg ag­ram de­re­je­sin­de çem­pi­on­lyk ug­run­da ýi­ti gö­reş bol­dy. Ne­ti­je­de, bir­ba­da gö­ter­mek­de 97 kg, itek­läp gö­ter­mek­de-de 127 kg, je­mi 224 kg ag­ra­my gö­te­ren fi­lip­pin­li Hi­di­lin Di­az al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Onuň soň­ky 2 gör­ke­zi­ji­si Olim­pi­ýa re­kor­dy­na deň bo­lup, ol to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da al­tyn me­dal ga­za­nan il­kin­ji fi­lip­pin­li tür­gen hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. 30 ýa­şyn­da­ky ştan­ga­çy Aş­ga­bat­da ge­çen Azi­ýa oýun­la­ryn­da, on­dan öňem Rio 2016-da kü­müş me­dal alyp­dy. Fi­lip­pin­le­riň mun­dan öň 3 kü­müş, 7 bü­rünç me­da­ly bar­dy. Fi­lip­pin­li tür­gen­ler 21-nji ge­zek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da çy­kyş ed­ýär. Ýe­ňi­jä ýur­du­nyň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan 650 müň ýew­ro pul baý­ra­gy hem-de öý sow­gat be­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­di. Hi­di­lin Di­az­dan umu­my­lyk­da 1 kg az gö­te­ren hy­taý­ly Lýao Sýu­ýun (97 kg, 126 kg, 223 kg) kü­müş, ga­za­gys­tan­ly Zül­fi­ýa Çin­şan­lo (90 kg, 123 kg, 213 kg) bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Bir­ba­da gö­ter­mek­de 90, i

Yzly-yzyna 3-nji çempionlygy

Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň äh­li­si­niň mak­sat­na­ma­syn­da bo­lan feh­to­wa­ni­ýa bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ryň sabl­ýa gör­nü­şin­de er­kek­le­riň ara­syn­da weng­ri­ýa­ly Aron Si­la­gi al­tyn me­dal ga­zan­dy. Bu onuň ýe­ke­le­ýin sabl­ýa ýa­ry­şyn­da ga­za­nan 3-nji Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly bo­lup, ol 2012-nji ýyl­da Lon­don­da, 2016-njy ýyl­da Rio­da mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çy­kyp­dy. 31 ýa­şyn­da­ky Si­la­gi sabl­ýa gör­nü­şin­de 3 al­tyn me­dal alan il­kin­ji tür­gen diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Bu al­tyn me­dal feh­to­wa­ni­ýa­nyň sabl­ýa gör­nü­şin­de wen­ger­le­riň ga­za­nan 13-nji al­tyn me­da­ly bol­dy.