HABARLAR

Ykbalyny sporta baglan serhetçi türgen

1993-nji ýylyň 17-nji fewraly. Lebap welaýatynyň Saýat etraby. Ir säheriň buşluk habary Remezan aganyň hem-de Zybagül gelnejäniň agzybir maşgalasynyň gapysyndan bagt bolup ätledi. Olaryň agzybir ojagynda ýaňlanýan bäbejigiň jägildi sesi bagtly maşgalanyň şowhunyny has-da artdy. Mähriban ojagyň gujagy baky bagtyýarlyga beslenip, daşarynyň mymyk şemaly, onuň ugruna agaçlaryň şahalarynyň ygşyldaýyşlary, guşjagazlaryň ganat kakyşlary edil buşlukçy sazyň şanyna tans edýäne meňzeýärdi. Säher bilen dünýä inen gyzjagaza uly arzuwlar, ýagşy umytlar bilen «Maýa» diýip at dakdylar. Günler aýlara, aýlar ýyllara gol berip geçip durdy. «Iki aýakly iki günde» diýlişi ýaly, Maýajyk okuw ýaşyny dolduryp, ak mekdebiň bosagasyndan ätledi. Mekdep durmuşy, mugallymlarynyň öwredýän sapaklary onuň üçin gyzyklydy. Ol özüniň bilesigelijiligi, zehinliligi, ukyp-başarnygy bilen mekdep mugallymlaryna-da özüni aldyrmagy başardy. Bir gezegem ak kagyzyň ýüzüne sport toplumda türgenleşýän bir gyzjagazyň suratyny çekip: «Menem şular ýaly türgen boljak!» diýip, boýunjagazyny burup, kakasyna özüni sport mekdebine türgenleşige äkitmegi haýyş edipdi. Kakasy Maýajygyň höwesini gijikdirmän, ony öýleriniň golaýyndaky sport mekdebine alyp barýar. Remezan aga sport mekdebiniň türgeni Aman Ýa

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän peýdalydygy bilen ähli ýaşdaky watandaşlarymyzyň ünsüni çekýär.

Saglygy berkitmegiň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek bilen baglanyşykly Kararnamanyň kabul edilmegi netijesinde, bu sene her ýyl ajaýyp baýramçylyk hökmünde giňden bellenip geçilýär. Habarçymyz bu senäniň taryhy ähmiýeti we welosiped sportunyň ynsan saglygyna peýdasy barada degişli hünärmenleriň birnäçesi bilen gürrüňdeş boldy. Biz hem öz gezegimizde ildeşlerimiziň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Allaýar SYTDYHOW, Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, sport weterany:

«Çelsi» toparynyň üstünligi

Geçen hepdäniň şenbe gününde Portugaliýanyň Portu şäheriniň «Dragau» stadionynda Ýewropa yklymynyň iň abraýly futbol ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň final oýny geçirildi. Duşuşykda Angliýanyň futbol toparlary «Çelsi» bilen «Mançester Siti» özara güýç synanyşdylar. Angliýanyň futbol toparlarynyň birbada ikisiniň Çempionlar ligasynyň final duşuşygynda çykyş etmegi bu ýaryşyň taryhynda eýýäm üçünji gezekdir. Ilkinji gezek bu ýurduň wekilleri 2008-nji ýylda Moskwa şäherinde duşuşypdy. Şonda «Çelsi» topary «Mançester Ýunaýted» toparyndan oýundan soňky jerime urgularynyň netijesi boýunça ýeňlipdi. Iki ýyl mundan öň bolsa «Liwerpul» bilen «Tottenhem» ýaryşyň aýgytlaýjy oýnunda duşuşypdylar. Şonda «Liwerpul» ýaryşyň ýeňijisi bolupdy. Çempionlar ligasynyň şu ýylky ýeňijisi hem iki sany iňlis toparlarynyň duşuşygynyň netijesinde mälim boldy.

«Bagtyýarlykda» geçen bäsleşik

Golaýda paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda küşt meselelerini çözmek boýunça bäsleşik geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna hem-de Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bäsleşikde ýaş küştçüleriň 70-den gowragy dürli görnüşli küşt göçümleriniň üsti bilen meseleleri çözmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça, oglanlaryň arasynda Muhammetaly Merdanow, Baýram Hommadow, Artýom Kolosow öňdeligi eýelediler. Gyzlaryň arasynda Mariýa Weşýolkina 1-nji, Mährijemal Gurbanmyradowa 2-nji, Tumar Allaberdiýewa 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere «Bagtyýarlyk» sport toplumy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Nesil saglygy ― milletiň sagdynlygy

Ynsany ynsana, goňşyny goňşa, döwleti döwlete ýakynlaşdyrýan sport parahatçylygyň ilçisi diýlip bireýýam ykrar edilendir. Ýaşlaryň sporty köpçülikleýin saýlap almaklarynyň özi hem guwandyryjy hakykatdyr. Sportuň haýsy görnüşini alanyňda hem türgenleriň, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimizden görelde alýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Milli Liderimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki, ony kämilleşdirmekdäki şahsy göreldesi ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli, gujurly, ruhubelent, päk ahlakly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklerine itergi berýär. Biz hem işjeň agzalarymyz hem-de etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda ýetginjekleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary yzygiderli geçirmäge uly ähmiýet berýäris. Ýakynda şeýle sport ýaryşlarynyň birnäçesini geçirdik. Oňa etrabymyzyň Seýdi, Dänew şäherlerindäki we Garaşsyzlyk şäherçesindäki sport mekdeplerine gatnaýan türgenler gatnaşdylar. Dzýu-do, sambo, agyr atletika, futbol we el pökgüsi boýunça geçirilen bu sport ýaryşlarynda ýaşlar öz aralarynda güýç synanyşyp, ukyp-başarnyklaryny aýdyňlyk bilen açyp görkezdiler. Üstünlikli çykyş eden türgenler etrap geňeşimiz tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik

Päl­wan gy­zyň üs­tün­lik­le­ri

Ýaş tür­gen, Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ag­za­sy, Türk­me­na­bat şä­he­ri­ndäki 10-njy sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na özü­niň aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri bi­len sow­gat­ly bar­ýar. Ol ýa­kyn­da Bü­tin­dün­ýä Mil­li sport oýun­la­ry­nyň 4-nji mas­la­ha­tyn­da ýö­ri­te baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de tür­gen­le­re «Mil­li sport baý­rak­la­ry» at­ly baý­rak­la­ryň top­lu­my hem gow­şu­ryl­dy. Türkiýäniň Trab­zon şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä mil­li sport oýun­la­ry kon­fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyň çä­gin­de 55 döw­le­tiň saý­la­ma tür­gen­le­ri­niň dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da, Azi­ýa oýun­la­ryn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne, de­re­je­si­ne gö­rä ba­ha be­ril­di. Ola­ryň ara­syn­da türk­men mil­li gö­re­şi, ku­raş, alyş gö­re­şi, gu­şak­ly gö­re­şiň nus­ga­wy gör­nü­şi bo­ýun­ça ök­de tür­gen Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa­nyň hem ady­nyň tu­tul­ma­gy buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa 1997-nji ýyl­da Türk­me­na­ba

Ýazky at çapyşyk möwsümi tamamlandy

Ýatda galyjy dabara Geçen dynç güni Mary atçylyk sport toplumy baýramçylyk toý dabarasynyň geçýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Sport — saglygyň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýatynyň, esasan-da, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagynda tutumly işler alnyp barylýar. Etrabymyza Arkadag Prezidentimiziň adyndan sowgat berlen täze sport mekdebinde hem sportuň dürli görnüşleri boýunça geçilýän türgenleşikler, döwrebap sport enjamlarynyň hereketde bolmagy tälimçileriň türgenlere uly höwes bilen yhlas etmeklerine ýol açýar. Sport we ýaşlar syýasaty bölümimiziň tälimçileri ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolup, ýetişmeklerini, olaryň ýaşlykdan sagdyn durmuş ýörelgelerini özleriniň ýaşaýyş kadalaryna öwürmeklerini gazanýarlar. Hut şeýle bolansoň, hem türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz ussatlyklaryny artdyrýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly köp işler alnyp barylýar. Yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilip, her bir türgeniň öz saglygyny gorap, ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly wezipelere goşant goşmagynyň şu günki günde jogapkärli iş bolup durýandygy düşündirilýär. Ýokanç kesellerden goranmak üçin, şahsy arassaçylygy berjaý etmelidigi barada lukmanlarymyz geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde yzygiderli maslahat berýärler. Arassaçylyk kadalaryny berk berjaý

Welosiped sporty

Berkarar Watanymyzda sport-sagaldyş hereketleriniň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösüşine uly üns gönükdirilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň bina edilmegi netijesinde ildeşlerimiziň arasynda sport bilen meşgullanýanlaryň sany günsaýyn artýar. Bu gün ýurdumyzda sportuň beýleki birnäçe görnüşi ýaly, welosiped sportunyň meşhurlygy hem ýokarlanýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de, döwlet Baştutanymyzyň özüniň welosiped sporty bilen ýakyndan meşgullanmagydyr we sportuň bu görnüşini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezmegidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmeginiň, şeýle-de paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde «Welosiped» binasynyň gurulmagynyň gözbaşynda hem welosiped sportuna örän uly ähmiýetiň berilýändigi bilen baglanyşykly hakykat durandyr. Şonuň bilen baglanyşykly, indi birnäçe ýyldan bäri Bütindünýä welosiped güni güneşli Diýarymyzda giňden bellenilýär we şol gün köpçülikleýin welosipedli ýörişlerdir gezelençler guralýar.