HABARLAR

Sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ekologiýa ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy aýawly gorap saklamak boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şypaly howanyň arassalygyny mundan beýläk-de gorap saklamakda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zerur işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen jemgyýete sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli gurulýan ençeme bedenterbiýe we saglyk binalaryny, zamanabap sport we saglyk toplumlaryny, futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý, welosiped ýaly sportuň meşhur ugurlary boýunça ýaryşlaryň geçirilip durulmagyny, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegini we olaryň guwandyryjy netijeler gazanyp, Watanymyzyň ýaşyl Tuguny al-asmanda pasyrdadyp, ýeňşe hem belent at-abraýa eýe bolmaklaryny mysal görkezmek bolar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistany sportuň ösen ýurduna öwürmek babatdaky belent maksatlar rowaçlanýar. Işjeň hereketde bolmagyň ýene-de möhüm ugurlarynyň biri hem welosiped sürmekdir. Häzirki wagtda ynsan saglygyny berkitmekde sportuň peýdasyna örän uly üns berilýär. Welosipe

Talyplarymyzyň halkara ýaryşyndaky üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda, sport ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Türkmen sportunyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginde hem-de türgenlerimiziň döwlet we halkara ýaryşlarynda üstünlikleri gazanmaklarynda ýurdumyzda guralýan sport ýaryşlarynyň ähmiýeti uludyr. Ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin döwlet tarapyndan mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalaryny gurmak we ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherini iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler döredildi. Halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň hyzmatyndadyr.

Uzak aralyga welosipedli ýöriş

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bo­ýun­ça 3-nji iýu­ny Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni di­ýip yg­lan ede­ni­ne köp wagt ge­çe­nok. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, bu hal­ka­ra sport baý­ram­çy­ly­gy dün­ýä ýurt­la­ryn­da giň meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Bu baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­tan­da gu­ral­ýan iri me­de­ni-sport çä­re­ler top­lu­my dün­ýä nus­ga­lyk ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si, kö­p ö­wüş­gin­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Türk­men spor­tu­nyň be­lent sar­pa­sy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ag­zy­bir hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, be­den hem-de ru­hy taý­dan sag­dyn, berk be­den­li, aň-paý­has taý­dan kä­mil nes­li ke­ma­la ge­tir­mek ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň oý­la­ny­şyk­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ni hem-de ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek­de, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de ýe­ti­len sep­git­ler, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler nus­ga­lyk­dyr. Bu döw­let­li tu­tum­lar ber­ka­rar Di­ýa­ry­my­zy sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň me­ka­ny hök­mün­de ja­ha­na meş­hur et­di.

We­los­por­tuň us­sa­dy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Gür­rü­ňi­mi­zi Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da mil­li we­los­por­tuň ös­me­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­ti­ren öz­bo­luş­ly mek­de­biň bo­lan­ly­gy bi­len do­wam et­dir­sek has ýer­lik­li bo­lar. En­çe­me ge­zek çem­pi­on bo­lan tür­gen­ler, en­çe çem­pi­on­la­ry ýe­tiş­di­ren tä­lim­çi­ler hök­mün­de ta­nal­ýan Döw­ran Nur­me­dow, Nar­gel­di Ig­di­row, Emir we Iner Ju­ma­ýew­ler bi­len söh­bet­deş bo­la­nyň­da, ola­ryň äh­li­si hem il­kin­ji tä­lim­çi­si, ha­ly­pa­sy hök­mün­de Mu­ham­met Nur­me­do­wyň ady­ny ag­za­ýar­lar.

Ildeşimiz — Gran-priniň ýeňijisi

Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda, Gran-pri ýaryşy geçirildi. Onda türkmenistanly türgen Suwhan Öwejeldiýew 88 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medalyň eýesi boldy. Söweş sambosynyň ligasy sportuň bu görnüşiniň meşhurlygyny artdyrmak we türgenleri goldamak maksady bilen, 2020-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy. Türgenleriň deslapky duşuşyklary geçirmän, öz agram derejelerinde göni finala çykyp bilýändikleri bu ýaryşyň esasy aýratynlygydyr. Halkara ýaryşa ildeşlerimizden başga-da, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýeňijiler 100 müň rus rubly möçberindäki pul baýragyna we çempionlyk guşagyna mynasyp boldular.

Ynsanperwer ýörelgeler

Döwletimiz çagalykdan başlap, şahsyýetiň esasy häsiýetleriniň hem-de olaryň ruhy ýörelgeleriniň kemala gelýändigine doly göz ýetirmek bilen, howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýär. Bu gün şeýle ynsanperwer ýörelgeler çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegini hem-de goralmagyny kepillendirýän hukuk namalarynda, netijeli ykdysady çäreler ulgamynda, ýetim hem-de ene-atalarynyň howandarlygyndan çetde galan çagalaryň durmuş ulgamyna doly goşulyşmagyna gönükdirilen anyk durmuş çärelerinde, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamak, ýokary ahlak, watançylyk hem-de raýatlyk düşünjesi ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän işlerde öz beýanyny tapýar. Döwlet tarapyndan hemaýata mätäç ýaş nesliň saglygyny berkitmek meseleleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Me­di­nä­niň me­dal­la­ry

Häzirki ajaýyp döwrümizde gözel durmuşyň gözbaşy bolup durýan sporta çagalykdan ykbalyny baglaýan ýaş nesillerimiziň barha köpelmegi aýratyn guwandyryjydyr. Sport bilen meşgullanmak, bu ugurda saýlap alan görnüşiň boýunça öz ukyp-başarnygyňy görkezmek, kämilleşmek üçin bolsa ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 5-nji synpyny tamamlan Medine Gaýlyýewa hem sportuň karatedo görnüşinden geljegine uly umyt bildirilýän türgenleriň biri hökmünde özüni tanatmagy başardy. Ýaş zehiniň orta mekdepde okamaly döwrüniň orta menziline hem ýetmänkä gazanan üstünlikleri bilen tanyş bolanyňda, «Tüweleme, berekella!» diýeniňi duýman galýarsyň. Medine Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebinde hereket edýän karatedo boýunça gurnaga gatnap ugranynda onuň ýaňy alty ýaşy dolupdy. Halypasy, gara guşagyň 3-nji danynyň eýesi Nazmämmet Satlykgulyýewiň türgenleşiklerdäki her bir tabşyrygyny ýerine ýetirmäge yhlas bilen ýapyşmagynyň netijesinde ýaşajyk türgeniň ukypdyr başarnygy-da gün-günden artmak bilen bolýar.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama böleginiň jemleýji tapgyrynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji iýuna çenli dowam eder. Milli ýygyndy toparymyz 6-njy iýunda myhmançylykda Özbegistanyň ýygyndysynyň garşysyna meýdana çykar. 11-nji iýunda bolsa Aşgabatda Hytaý Gonkongynyň ýygyndy toparyny kabul eder.

Nobatdaky şowly çykyşlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem sport üstünliklerine beslenýär. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň öz işiniň ussady bolan tälimçi-mugallymlarynyň halypalyk edýän okuw-türgenleşik toparlarynda türgenleşik okuwyny geçýän ezber türgenleri dürli derejedäki ýaryşlardaky şowly çykyşlary bilen begendirýärler. Ýakynda Estoniýanyň Tallin şäherinde geçirilen taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryşda sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Orazmyrat Çaryýew hem-de onuň halypalyk edýän okuw-türgenleşik toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşda Ysmaýyl Taýlyýew 34 kilogram agram derejesinde çykyş edip, şahsy tulda altyn we bürünç medallara, Orazmyrat Çaryýew 64 kilogram agram derejesinde şahsy tulda altyn medala mynasyp boldular.