HABARLAR

Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport instituty

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

Sport we bedenterbiýe

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Bä­her­den et­ra­byn­da äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän 350 orun­lyk sport mek­de­bi gur­lup ulan­ma­ga ber­len gü­nün­den bä­ri, on­da en­çe­me sport ýa­ryş­la­ry, sport­da ga­za­ny­lan ne­ti­je­ler ba­ra­da wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Şa­ny Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňüsyrasynda Bä­her­den et­rap sport mek­de­bin­de et­ra­byň jem­gyýet­çi­lik gu­ra­mala­ry et­ra­byň TDP-nyň iş­gär­le­ri­niň, et­rap KA-nyň hü­när­men­le­ri­niň, et­rap MAÝG-nyň iş­jeň ag­za­la­ry­nyň we sport mek­de­bi­niň ha­ly­pa tä­lim­çi­le­ri­dir tür­gen­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da «Ga­raş­syz­lyk bi­len gal­ky­nan türk­men spor­ty» at­ly şy­gar as­tyn­da wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga gat­na­şan­lar öz çy­kyş­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan tu­tum­ly iş­le­riň ma­ny-maz­mu­ny­ny dü­şün­dir­di­ler hem-de Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da ýur­du­my­zyň sport­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di­ler.

Türk­men küşt­çü­le­ri ýe­ňiş­li ýol­lar­da

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Weng­ri­ýa­nyň Bu­da­peşt şä­he­rin­de 45-nji Bü­tün­dün­ýä küşt olim­pia­da­sy ge­çi­ril­di. Her iki ýyl­dan ge­çi­ril­ýän bu oýun­la­ra dün­ýä ýurt­la­ryn­dan mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ryň 381-si gat­naş­dy. Ola­ryň 197-si er­kek­ler, 184-si ze­nan­lar to­pa­ry­dyr.

Holand «Man­çes­ter Si­ti»-niň düzüminde 105 oýun­da 100 gol ge­çi­rip, Ro­nal­du­nyň re­kor­dy­ny gaý­ta­la­dy

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 «Man­çes­ter Si­ti­niň» 24 ýaş­ly nor­we­gi­ýa­ly hü­jüm­çi­si Er­ling Ho­land klu­by oý­nan üçin 105-nji du­şu­şy­gyn­da 100-nji go­lu­ny ge­çir­di. Ho­land ýu­bi­leý go­lu­ny Prem­ýer-li­ga­nyň 5-nji tap­gyr du­şu­şy­gyn­da, Man­çes­ter şä­he­rin­de «Eti­had» sta­dio­nyn­da «Ar­se­na­la» gar­şy du­şu­şyk­da ge­çir­di. Du­şu­şyk 2:2 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy.

Fut­bol dün­ýä­si: mü­di­mi re­kord­lar

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Fut­bol — tä­sin bir dün­ýä. Ol tür­gen üçi­nem, tä­lim­çi­dir emin üçi­nem gy­zyk­ly­dyr. Ýö­ne onuň to­ma­şa­çy, jan­kö­ýer üçin gy­zy­gy­ny aýt­saň... Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­niň 3,5 mil­li­ar­da go­laý ila­ty bu sport gör­nü­şi­niň jan­kö­ýe­ri­dir.

Olim­piýa oýunlarynda Nowak Jo­ko­wiç altyn medal gazandy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Pa­riž­de Olim­pi­ýa oýun­la­rynyň çäk­le­rin­de ten­nis bo­ýun­ça ýa­ry­şyň ikin­ji aý­la­wyn­da ser­bi­ýa­ly ten­nis­çi No­wak Jo­ko­wiç is­pa­ni­ýa­ly tür­gen Ra­fa­el Na­dal­dan üs­tün çyk­dy.

Skandinaw ýörişi

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Dün­ýä spor­tu­nyň dö­re­ýiş we ösüş ta­ry­hy­na na­zar aý­la­ny­myz­da, biz dür­li halk­la­ryň ara­syn­da ýü­ze çy­kyp, özü­niň kä­mil­li­gi, be­den­ter­bi­ýä­niň, sag­ly­gyň we gö­zel­li­giň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­li­gi bi­len nus­ga­lyk de­re­jä ýe­ten sport gör­nüş­le­ri­niň kän­di­gi­ne göz ýe­tir­ýä­ris. Ola­ryň il­kin­ji ýü­ze çy­ka­nyn­dan kän wagt geç­män­kä dün­ýä­de yk­rar edi­len sport gör­nüş­le­ri­niň ha­ta­ry­na gi­ren­le­ri hem az däl.

Tennis topy barada

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Asyr­lar­bo­ýy köp­çü­li­giň gy­zyk­la­nyp gel­ýän meş­hur güý­men­je­si bo­lan ten­nis naý­ba­şy sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýa­şyl we gyz­gylt meý­dan­ça­da (kort) oý­nal­ýan bu sport gör­nü­şi, esa­san hem, ýaş­la­ryň ara­syn­da has ýör­gün­li­dir. Sport gör­nüş­le­ri­niň kö­pü­si­niň özü­ne mah­sus düz­gün­le­ri we oýun üçin ni­ýet­le­nen es­bap­la­ry bar. My­sal üçin, fut­bol ýa­şyl meý­dan­ça­da, bäş­burç­luk­lar­dan dü­zü­len ala­be­der top bi­len oý­nal­ýan bol­sa, wo­leý­bol üçin ýe­ňil­jek sarymtyl gök top we set­ka­ly ki­çi­räk meý­dan­ça ge­rek. Çu­kur­jyk­ly meý­dan­ça­da ge­çi­ril­ýän golf üçin ki­çi­jik ak top­lar we ujy eg­ri ta­ýa­jyk ze­rur bol­sa, reg­bi üçin tut­ma­ga amat­ly ýu­murt­ga şe­ki­lin­dä­ki top ge­rek. Ten­ni­siň hem öz­bo­luş­ly şert­le­ri bo­lup, oýun üçin ra­ket­ka, tor çe­ki­len meý­dan­ça we ki­çi­jik sa­rym­tyl ­ýa­şyl top ge­rek. Eý­sem, ten­nis­de nä­me üçin ak, gy­zyl ýa­da gök däl­de, sa­rym­tyl-ýa­şyl top­lar saý­lan­dy­ka?! Ge­liň, ten­nis to­pu­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş

Ronaldomy, Messi?

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 2-nji iýu­lyň Sport žur­na­list­le­ri­niň gü­nü­di­gi me­ni ta­na­ýan­la­ryň ara­syn­da di­ňe Şü­kür­ba­ýe­wi­çiň ýa­dy­na dü­şüp­dir. Hat­da dog­lan gü­ne hem kän bir äh­mi­ýet ber­me­ýän ada­my hal­ka­ra hü­när baý­ra­my bi­len bag­ly gür­rüň­ler gy­zyk­lan­dyr­ma­jak ýa­ly. Em­ma ony fut­bol bi­parh goý­ma­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne öle­men fut­bol jan­kö­ýe­ri Sü­leý­ma­n bi­len du­şu­şan wagt­la­ry has aý­dyň göz ýe­ti­rip bol­ýar. Bu ge­zek «EURO 2024» we «Copa Ame­rica» (2024) bi­len baş­la­nan gür­rüň «Ro­nal­do­my, Mes­si?» di­ýen ri­to­ri­ki so­wa­la öw­rü­len jüm­le bi­len jem­len­di. Eger 5-nji gat­da­ky iş ota­gy­ma, oz­al­ky­la­rym ýa­ly, bas­gan­çak bi­len gel­sem, oý­lan­ma­ga wag­tym bol­jak­dy. Lif­tiň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nan­ly­gym üçin pi­kir­len­mä­ge ma­ýym bol­ma­dy. Şu gys­ga pur­sat­da fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da yz gal­dy­ran ýyl­dyz­la­ry ýat­la­ma­ga ça­lyş­dym.

Sport hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýdyp, toý şatlygyny paýlaşmaga ýurdumyza gelendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz, öz nobatynda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz myhmanyň saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.