HABARLAR

Spor­ty en­di­ge öwür­seň...

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Ma­ka­la­nyň söz­ba­şy­syn­da­ky soň­lan­ma­dyk jüm­lä­niň do­wa­myn­da gi­den bir uly ma­ny-maz­mun jem­le­nen. Şo­nuň üçi­nem bu jüm­lä­niň do­wa­my­ny ma­ka­la öwü­rip, oky­jy­la­ra ýe­tir­mek­li­gi ma­kul bil­dik.

Hal­ka­ra ýa­ry­şy ge­çi­ri­ler

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­myz­da spor­tuň, şol san­da ça­ga­lar-ýet­gin­jek­ler spor­tu­nyň gül­läp ös­ýän za­ma­na­sy­dyr. Mu­ňa «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len iri sport çä­re­le­ri, sport bäs­le­şik­le­ri hem şa­ýatlyk ed­ýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 «Ön­dü­ri­ji­lik­li pi­kir­len­mek barlamhanasy» at­ly ta­lyp­la­ryň yl­my gur­na­gy Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan Aş­ga­bat­da gu­ra­lan «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyn­da Po­wolž­ýe uni­wer­si­te­ti­niň adyn­dan we­kil­çi­lik et­di.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň senesi süýşürilen duşuşygynda «Altyn Asyr» öz meýdanynda «Aşgabat» bilen güýç synanyşdy. Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Altyn Asyr» toparyna üstünlik getiren toplary Myrat Annaýew (2) bilen Wahyt Orazsähedow geçirdiler.

«Arkadag» toparynyň nobatdaky üstünligi

7-nji oktýabr. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 28-nji tapgyrynyň senesi süýşürilen duşuşygy. Geçen ýylyň çempiony «Arkadag» topary öz meýdanynda «Nebitçini» kabul edýärdi. Şol gün taryhy netije hasaba alynmalydy. Arkadag şäheriniň adybir topary ýeňiş gazanan ýagdaýynda bassyr ikinji gezek çempion bolýardy. Duşuşygyň emini Jumamyrat Jumamyradowyň jürlewüginiň sesi ýaňlanan dessine hüjüme geçen ýer eýeleri 8-nji minutda Arslanmyrat Amanowyň 17 metr çemesi aralykdan ýerine ýetiren jerime urgusyndan soň öňe saýlanýar – 1:0. Şondan soň oýun az wagtlyk orta gürpde dowam edýär. Şol pursatlar ýer eýeleriniň baş tälimçisi Wladimir Baýramow gyraky ýarymgoragçylary tijenmäge çagyrýar. Bu oýun tilsimi az wagtdan soň öz miwesini berýär. Duşuşygyň 23-nji

Uniwersiada badalga berildi

16-njy oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Oňa sport hünärmenleridir ýokary okuw mekdepleriň talyp toparlary gatnaşdy. Dabara turuwbaşdan baýramçylyk ruhuna beslendi. Ýokary okuw mekdebimiziň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz, tans toparynyň çykyşlary, toplumyň meýdançasynda peýda bolan ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça öz başarnyklaryny görkezmekleri çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Uniwersiadanyň esasy maksady sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, ýokary okuw mekdeplerinde sportuň olimpiýa görnüşlerini ýaýbaňlandyrmak, ýaşlarymyzyň Bütindünýä uniwersiada we beýleki abraýly halkara ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Golaýda söweş sambosy boýunça 2007 – 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. «Gyşky oýunlar sport toplumynyň» sport zalynda guralan ýaryşda Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň türgenleri dürli agram derejelerinde çykyş etdiler. Sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymlary R.Haýtbaýewiň hem-de Ý.Nuryýewiň şägirtleri dürli agramlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň 16-syny eýelemegi başardylar. Mergen Haýtbaýew, Oraz Tüňňiýew, Döwlet Amankulyýew, Azym Ýalkapberdiýew, Ýakup Nurmyradow, Meýlis Haýtbaýew, Oraz Gaýypnazarow, Sähetmyrat Azadow, Abdylla Annamuhammedow 1-nji orny eýelediler. Pena Röwşengeldiýew, Gudrat Orazmyradow 2-nji, Döwran Kulow, Döwran Kakabaýew, Atajan Orazow 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň Hormat hatlary gowşuryldy.

Hormata mynasyp halypa

Dörän gününden bäri janköýerlik edip gelýän toparym bolan Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini» türgenleşdiren her bir tälimçä hem aýratyn hormat-sarpa kalbymyň töründe orun alypdyr. 1996-njy ýylda nebitçileriň şäheriniň toparyna tejribeli tälimçi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Wiktor Kuroçkin halypalyk etdi. Şol döwür Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap başlapdym we her gezek nobatdaky duşuşygyny geçirmäge paýtagta gelýän «Nebitçi» toparynyň futbolçylaryny we tälimçilerini görenimde, köpden bäri gatnaşyk saklap ýören tanyş-bilişlerime duşan ýaly ýakymly duýgulary başdan geçirýärdim. Biziň bu günki ýazgymyzyň baş gahrymany belli derwezeçi hem-de tälimçi Wiktor Kuroçkiniň ýakynda 70 ýaşy doldy. Halypany ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de oňa jan saglyk, uzak ömür, maşgala bagtyýarlygyny arzuw edýäris.

Шорт – в фокусе шахматного праздника

Легенда мировых шахмат Найджел Шорт всю неделю находился в центре внимания шахматного и спортивного сообщества страны. 59-летний гроссмейстер из Англии, известный тем, что в 1993 году оспаривал звание чемпиона мира в матче против Гарри Каспарова, поучаствовал в целом ряде мероприятий в Ашхабаде с 9 по 12 октября.  Самым ярким из них для гостя стал блиц-турнир на Кубок Шахматной федерации страны 10 октября, который Шорт, имеющий рейтинг ФИДЕ по блицу 2571, выиграл, набрав 7,5 очка из 9 возможных. Также по 7,5 очка набрали ашхабадский международный гроссмейстер Максат Атабаев (рейтинг ФИДЕ по блицу – 2377) и кандидат в мастера спорта Аманмухаммет Хоммадов (2316), которые соответственно заняли 2-е и 3-е места по дополнительным показателям. Атабаев свел свою партию с прет

At üstündäki milli oýunlar

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitabynda şeýle jümleler bar: «At üstündäki oýunlar örän ezberlik bilen ýerine ýetirilýär we batyrgaýlygy talap edýär. At üstündäki ilkinji oýunlaryň hatarynda gylyçlaşyp uruşmak, çapyp barýan atyň üstünden naýza zyňmak, altyn gabak atmak ýaly oýunlary görkezmek bolar. Şeýle ýaryşlarda harby oýunlary alyp barmagyň endikleri öwredilipdir». Bu dürdäne sözlerden hem görnüşi ýaly, bedew aty wepaly dosty, gardaşy saýýan halkymyz at üstündäki milli oýunlaryň-da dürli görnüşlerini döredipdir we perzentleriniň çagalykdan şol oýunlardan ezberlik bilen baş çykaryp bilmegi üçin tagallalaryny, yhlaslaryny gaýgyrmandyr. Jahankeşde alym Arminiý Wamberi: «Türkmenler oglanlaryna bäş ýaşynda at mündürip başlaýarlar, on ýaşynda olar eýýäm at çapyşyklarda çapyksuwarlyk edýärler» diýip ýazypdyr. Munuň şeýle bolmagynyň esasy sebäbi hem ata-babalarymyzyň at bilen höwrügen adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn, maksadaokgunly bolýandygyna özleriniň terbiýeçilik hem-de seýisçilik tejribeleriniň esasynda göz ýetirendiklerindedir.