HABARLAR

«Ashgabat Open 2024»: finala bir ädim galdy

Paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän «Ashgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşynda düýn ýarym finalçylar belli boldy. Onda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýekelikde hem-de jübütleýin görnüşde ýarym finalçylar kesgitlenildi. Oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda türkmen ýygyndysyndan Süleýman Hudaýberdiýewiň ýeňişli ýoluny dowam etdirip, ýarym finala çykandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ol çärýek final duşuşygynda Birleşen Arap Emirliklerinden gelen Mohamed Saleh Al Alini 2:0 hasabynda utup, adyny ýarym finala ýazdyrmagy başaran ilkinji türgen boldy. Onuň bu tapgyrdaky garşydaşy malaýziýaly tennisçi Garet Lim Hao Zhe bolar.

Türkmenistanda «Ash­ga­bat Open 2024» hal­ka­ra ten­nis ýa­ry­şy ge­çi­ril­ýär

Şu gün­ler ýur­du­myz­da 14 ýa­şa çen­li ýet­gin­jek og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ten­nis bo­ýun­ça «Ash­ga­bat Open 2024» at­ly hal­ka­ra ýa­ryş ge­çi­ril­ýär. 11-nji no­ýabr­da bu sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň res­mi açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Ýa­ry­şa Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň 12 ýur­dun­dan tür­gen­ler gat­naş­ýar. «Ash­ga­bat Open 2024» hal­ka­ra ýa­ry­şy­na Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Hin­dis­tan­dan, Eý­ran­dan, Ior­da­ni­ýa­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Pa­kis­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Öz­be­gis­tan­dan we Türk­me­nis­tan­dan tür­gen­ler gat­naş­ýar­lar.

Sport diplomatiýasy rowaçlanýar

Gözel paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap Tennis toplumynda «Aşgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşy gyzykly, çekeleşikli hem-de ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýçdür. Türgenler agzybirlik bilen güýç synanyşýarlar, bäsleşýärler. Olardan ukyplylar, erjeller ýeňiş gazanýarlar. Şeýlelikde, gazanylýan netijeler sportuň diňe bir türgenleriň arasyndaky medallar ugrundaky ýaryşlar däldigini görkezmek bilen, asudalygy we agzybirligi kepillendirýän gatnaşyklaryň binýady hasaplanylýar. Halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň bedenlerini berkitmegi, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler öz ajaýyp netijelerini berýär. Halkara, sebitara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň gazanýan ýeňişleriniň barha artýandygy ýurdumyzda sporta döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Buýsandyryjy üstünlikleri bilen watandaşlarymyzyň guwanjyna eýe bolýan türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigini 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatd

Kiçi futbolda ýaryşdylar

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikdäki meýilnamalary esasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň etrap tapgyrlary çekeleşikli häsiýete eýe bolýar. Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň sport meýdançasynda geçen kiçi futbol ýaryşynyň etrap tapgyry babatynda hem şeýle diýmek bolar. Etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden gelen toparlar öz aralarynda gyzykly we çekeleşikli duşuşyklary geçirdiler. Futbol janköýerlerinde uly gyzyklanma döreden ýaryşda 17-nji orta mekdebiň topary garşydaşlaryny ýeňlişe sezewar edip, ýeňiji boldy hem-de ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ikinji orna 15-nji orta mekdebiň, üçünji orna bolsa 19-njy orta mekdebiň okuwçylary mynasyp boldular.

Erjeller öňe saýlandy

Ýaşlarda sporta höwesiň ýokarydygyny, futbolyň meşhurlygynyň barha artýandygyny Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda geçirilen kiçi futbol ýaryşy anyk subut etdi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde geçirilen etrap derejesindäki ýaryşa etrabyň mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen ýaryşyň netijesinde ýer eýeleri bolan 42-nji orta mekdebiň okuwçylary ýeňiş gazandylar. Olar aýgytlaýjy duşuşykda 27-nji orta mekdebiň toparyndan üstün çykmagy başardylar. Şeýlelikde kiçi futbol ýaryşynyň etrap tapgyrynda 27-nji orta mekdebiň topary ikinji, 35-nji orta mekdebiň topary bolsa, üçünji orna mynasyp boldy.

Watanyň zehinli ýaşlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edilýär. Muňa ýaşlaryň halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri doly şaýatlyk edýär. Ynha, golaýda hem ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «MEMORIAD 2024» atly bütindünýä mental sport olimpiadasyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. 7 — 9-njy noýabr aralygynda geçirilen «MEMORIAD» olimpiadasy 4 ýyldan bir gezek geçirilip, onda ýatkeşlik, mental hasaplama, mental arifmetika, çalt okamak boýunça ýaryşlar guralýar. Bu zehin bäsleşigine türkmen ýaşlary ilkinji gezek gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar. Ýeňijileriň hatarynda lebaply okuwçylaryň bardygy bolsa diýseň guwandyryjydyr. Ýagny, ildeşimiz, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew 23 döwletiň 150-den gowrak okuwçysynyň arasyndan saýlanyp, altyn medaly gazandy. Has takygy, fleş-anzan marafon ugry boýunça 13 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Mekana taý tapylmady. Ol 1825,13 sekuntda 43988,89 utuk toplap, dünýä çempiony bolmagy başardy. Şeýle-de Türkme

Paýtagtymyzda halkara tennis ýaryşy dowam edýär

11-nji noýabrda Aziýanyň we Ýewropanyň 12 ýurdundan türgenleri paýtagtymyza jemlän 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa badalga berildi. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge gönükdirilen işleriň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa türkmen türgenleri bilen birlikde, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan ýaş tennisçiler gatnaşýar. Halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy. Myhmanlara ýardam etmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat meýletinçiler topary döredildi.

«Ashgabat Open 2024»: dostlugyň we tejribäniň ýeňşi

Tennis sportunyň geljegine uly ynam bildirilýän ýaş ýyldyzlarynyň türkmen paýtagtynyň açyk birinjiligindäki duşuşyklary gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumyna müňlerçe tomaşaçyny ýygnan düýnki duşuşyklar hem garaşylan we garaşylmadyk netijelere baý boldy. «Ashgabat Open 2024» ýaryşynyň ilkinji iki gününe mahsus bolşy ýaly, üçünji tapgyryň duşuşyklarynda hem türkmen tennisçileriniň görnetin öňe saýlanandygyny, olaryň güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykandygyny turuwbaşdan nygtamak gerek. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda tennis sportunyň geljegi üçin iňňän uly ähmiýete eýe bolan ýaryşyň duşuşyklary meýdançalaryň birbada bäşisinde alnyp barylýar. Düýn tapgyryň çäginde ir sagat 09:00-dan 14:00-a çenli aralykda ýekelikdäki duşuşyklaryň 28-si geçirildi. Ir sagat 09:00-da başlanan duşuşyklarda Birleşen Arap Emirliklerinden gelen Mohamed Saleh Al Ali, ildeşlerimizden Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Ilima Guseýnowa, Sapar Gylyjow, Begençgeldi Hummetow we Ýunus Annamyradow dagy nobatdaky ýeňşini gazanan bolsa, sagat 10:00-da başlan duşuşyklarda Süleýman Hudaýberdiýew, Aly Geldiýew, Nazar Amangeldiýew, Gowşut Söýünow (Türkmenistan) we Garet Lim Hao Ze (Malaýziýa) dagy ýaryşyň indiki ta

«Ashgabat Open 2024»: ýaş tennisçileriň halkara ýaryşy

Oňa Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan türgenler gatnaşýarlar. 11-nji noýabrda badalga berlen halkara ýaryşyň açylyş dabarasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan 4 müň orunlyk Tennis toplumynda ýaýbaňlandyrylmagy mynasybetli köp sanly tomaşaçylar ýygnandy. Halkara ýaryşyň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Dabarada Halkara Tennis federasiýasynyň wekili, tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň baş emini Mahdi Malekzade çykyş edip, türkmen tarapynyň ýaryşlary geçirmek üçin iň amatly şertleri döredendigini, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny gurandygyny belläp, myhman tennisi ösdürmäge berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine HTF-niň adyndan çuňňur hoşallyk bildirdi.

Sport

Spartakiadanyň welaýat tapgyry Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäklerinde ýeňil atletika boýunça ýaryşlaryň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplaryndan hem-de Daşoguz şäherinden oglan-gyzlardan düzülen 8 topar, jemi 130-a golaý türgen gatnaşdy. Ýaryşda türgenler ýeňil atletikanyň üç görnüşi — uzynlygyna bökmek, oglanlar 100 metr aralyga, gyzlar 60 metr aralyga ylgamak hem-de oglanlar estafetanyň 4x100 metr aralyga, gyzlar bolsa 4x60 metr aralyga ylgamak görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Ýaryşlarda Daşoguz şäheriniň topary iň köp — 42 utuk toplap, birinji orny eýeledi, ikinji orny 32 utuk bilen Akdepe etrabynyň, üçünji orny bolsa 27 utuk bilen Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň toparlary eýelediler.