Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ak bazarlaryny öz topragymyzda öndürilen azyk önümleri we senagat harytlary bilen üpjün etmek üçin türkmen telekeçileri tarapyndan döredilýän kiçi kärhanalardyr hojalyk jemgyýetlerinde işler turuwbaşdan bazar şertlerine laýyklykda täzeçe guralýar. Türkmen telekeçileri kärhanalaryny köptaraplaýyn ösdürip, haryt bolçulygyny döretmek maksady bilen, döredijilikli zähmet çekýärler. Çekilýän zähmet ýerine-de düşýär. Ony bu günki gün ýurdumyzda hereket edýän bazarlaryň haýsyna barsaň hem aýdyň görmek bolýar. Çünki her bir işe yhlasly çemeleşýän telekeçilerimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gök, bakja we beýleki önümleri uly, döwrebap ýyladyşhana şertlerinde ösdürip ýetişdirmek, ak bazarlarymyzy öz ýurdumyzda ýetişdirilýän ter gök önümler bilen üpjün etmek işlerine saldamly goşant goşýarlar.
Mary şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Röwşen» hususy kärhanasy hem önümçiligi köpugurly ösdürýän kärhanalaryň biri. Hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamaga we ösdürmäge berýän uly ünsüniň hem-de ýeňillikli berilýän karz pul serişdeleriniň hasabyna bu hususy kärhana, aýakgap önümçiliginden daşgary, adybir etrabyň Aşgabat geňeşliginde ýyladyşhana işini hem ýola goýdy. Häzirki wagtda ýyladyşhanada, esasan, pomidoryň bereketli hasyly ösdürilip ýetişdirilip, topraksyz şertlerde ýetişdirilýän ekiniň her bir düýbüne göwnejaý ideg ýola goýulýar. Işewür telekeçiler jemi bölünip berlen 8 gektar ýeriň 6 gektaryny tutýan ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidoryň her gektaryndan 400 tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Her düýpden 17 kilogram töweregi hasyl almagy çaklaýan telekeçiler her hepdede onlarça tonna pomidor hasylyny ýygnap, alyjylara ýetirýärler. Bu ýerde ekilen pomidor şitilleriniň ýyladyşhananyň öz şitilhanasynda ýetişdirilen bolmagy ekinleriň bol hasyl bermeginiň girewi hasaplanýar.