Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň, ýumurtganyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylda kabul eden Karary ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek üçin uly ähmiýetli çözgütleriň biri boldy. Çünki soňky ýyllarda ýerli telekeçilerimiziň arasynda telekeçiligiň girdejili pudagy hökmünde guşçulyga bolan gyzyklanma has-da artýar. Netijede, guş etini we ýumurtga önümçiligini ýola goýýan telekeçileriň döreden hususy hojalyklary hereket edip, olar içerki bazarlary bu peýdaly azyk önümleri bilen doly üpjün edýärler. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Magtymguly» daýhan birleşiginiň çäginde 4 gektar meýdany tutýan guşçulyk toplumyny esaslandyryjy Hojamyrat Hojanyýazow hem bar.
Türkmen halkynyň asyrlara barabar köpýyllyk tejribesinden gelip çykan we nesilden-nesle geçirilip gelnen hem-de ýedi hazynanyň biri hasaplanýan towuga ideg etmek bilen meşgullanýan Hojamyrat Hojanyýazow öz guşçulyk toplumyny 2015-nji ýylda esaslandyrdy.