Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

30 Dekabr 2022
1448

Aşgabat, 29-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Mejlisiň ýolbaşçysy geljek 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.