Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

27 Dekabr 2022
1286

Aşgabat — Sankt-Peterburg — Aşgabat, 26-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.