Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berdi

26 Dekabr 2022
1167

Ahal welaýaty, 24-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ir bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy giň möçberli şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylýan ýerine geldi. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylap, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri barada habar berdiler.