Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

24 Dekabr 2022
1077

Aşgabat, 23-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol Mejlisiň kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanunçylygy, hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we döwletimiziň durmuşynyň beýleki ugurlaryna, şol sanda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.