Suw arassalamak bilen meşgullanýan «Pentair» kompaniýasy geçen hepdäniň penşenbe güni buz maşynlaryny öndürýän «Manitowoc Ice» kompaniýasyny ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna satyn almak barada şertnama baglaşandygyny habar berdi. Şertnama laýyklykda, «Pentair» kompaniýasy töleginiň, takmynan, ABŞ-nyň 220 million dollaryny paýnamalar arkaly, ABŞ-nyň 1,38 milliard dollary möçberini bolsa nagt hasaplaşar. Ylalaşygyň resminama işleriniň 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde tamamlanmagyna garaşylýar.