Tehnologiýa kompaniýasy «Bentley Systems» 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginiň hasabatyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, «Bentley Systems»-iň maliýe ýylyndaky girdejisi 20,4% artyp, ABŞ-nyň 965 million dollaryna ýetdi. Kompaniýanyň ösüşiniň esasy hereketlendirijilerinden biri «Bentley»-iň infrastruktura dizaýn programma üpjünçiligi boldy.
2022-nji ýylyň ýanwar aýynda «Bentley» elektrik paýlaýyş torlaryny sanlylaşdyrmak üçin dürli çözgütleri bolan «Power Line Systems»-i satyn alypdy. «Bentley»-iň dolandyrylyşynyň dünýä bazarynda ulanylmagy meýilleşdirilýän çözgütleriniň täze meýilnamalary bar. 2022-nji ýylyň ahyrynda «Bentley» ABŞ-nyň 1,11 – 1,14 million dollary möçberinde girdejä garaşýar.