Ýaz nygmaty kömelek — ýylyň ähli paslynda saçaklaryň bezegi

10 Fewral 2022
1965

Her bir işinde «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyndan ugur alýan hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde, milli ykdysadyýetiň agrosenagat pudagyny ösdürmekde, azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmakda belent sepgitlere ýetilýär. Bu işlere welaýatymyzyň hususy kärhanalary hem mynasyp goşant goşýarlar. Balkanabat şäheriniň golaýynda, Düzmergen ýaýlasynda ýerleşýän hem-de ýaz nygmaty saýylýan kömelekleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumyny şolaryň hatarynda görkezmek bolar.

Ýyladyşhana toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altynnur zamany» hususy kärhanasyna degişli bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösen talaplaryna laýyklykda, Hytaý hem-de Ýaponiýa döwletlerinden satyn alnan kämil enjamlar bilen üpjün edilendir. Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryna daýanýan toplumda ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän kömelekleriň iki görnüşiniň bitginli hasylyny kemala getirip, sarp edijilere yzygiderli ýetirmegiň hötdesinden gelinýär. Toplum kömelekleriň hersi üçin niýetlenilen aýratyn ýyladyşhanalaryň 6-syny özünde jemleýär. Diýmek, bu ýerde şeýle ýyladyşhanalaryň 12-si hereket edýär. Munuň özi hasyl ýygnalýan pursadynda kömelekleriň her görnüşinden günde 100 kilogramdan 150 kilograma çenli önüm almaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ekişiň bir tapgyrynda 3,5-4 tonna çenli kömelek hasylyny ýygnamak üçin zerur şertleriň bardygyny hem bellemek gerek.

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».