Ykbalyny arheologiýa baglan

13 Dekabr 2021
2097

Taryha şan beren ylmy açyşlar

M.Ý.Massonyň we onuň ýetişdiren şägirtleriniň yhlasy bilen geçmişde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy arheologiýa we etnografiýa taýdan çuňňur öwrenildi. Alymyň 1950-nji ýyllarda geçiren ylmy barlaglarynyň netijesinde neşir edilen «Merwden Horezme we Mawerennahra orta asyr söwda ýollary» atly makalasynda Merwden Köneürgenje barýan ýoluň ugrunda Wiza, Marduş, Ispas, Saýfana (Seng rabaty — Daşrabat), Tahyryň rabaty (Daýahatyn), Budina rabaty, Dargan, Jigerbent, Dahanşir, Sadwar, Hazarasp, Hywa, Zamahşar ýaly iri şäherlerdir kerwensaraý-rabatlar, şeýle hem Merwden gaýdan kerweniň Garagum sährasynyň içi bilen Sengärabada barýan ýolunyň bolandygy baradaky maglumatlary ilkinji bolup ylma girizdi.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf.