Arkadagyň ak ýollary nurana

3 Dekabr 2021
2548

Täze belentlikleri nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda döwletleri we halklary baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamynyň «altyn halkasyny» döretmäge gönükdirilen döwrebap inženerçilik desgalary, şol sanda awtomobil we demir ýollary, köprüler, howa menzilleri yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. 29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleriniň aýdyň mysalydyr.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasynda düzümleýin ýol-ulag desgalaryna laýyklyk güwänamalaryny bermek ulgamynda ýöriteleşen abraýly halkara düzümleriň wekilleri çykyş etdiler. Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasy tarapyndan täze düzümleýin desga degişli güwänamalar — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, «Ýol gurluşygyny taslamak» we «Gurluşyk işleri» standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalar berildi.

«Diýar».