«T-Mobile» telekommunikasiýa kompaniýasy 5G torunyň hyzmatlarynyň ýola goýulmagyny çaltlaşdyrýar. Häzirki wagtda maglumat tizligi we tor mümkinçilikleri boýunça kompaniýa birnäçe bäsdeşlerinden ep-esli öňde durýar. Ýaňy-ýakynda 5G torunyň ulanyjylarynyň häzirki wagtda ABŞ-da, ortaça, 200 million adama ýetýändigi barada habar berildi. Bu bolsa «T-Mobile»-niň müşderileriniň 80%-ini öz içine alýar. Kompaniýanyň hünärmenleriniň pikiriçe, geljek iki ýylda orta ýygylyk aralygy 300 million adama elýeterli bolar.
Geçen hepdedäki birža söwdalarynda «T-Mobile»-niň bir paýnamasynyň bahasy ABŞ-nyň 115,62 dollaryndan satyldy.