Germaniýanyň «Porsche AG» awtoulag kompaniýasy 2022-nji ýylda önümçilige goýberilmeli täze «Porsche Taycan GTS» elektrik sedanyny görkezdi. Awtoulagyň kuwwatlylygy 590 at güýjüne barabar bolup, ol sagatda 96 kilometr tizlige 3,5 sekuntda ýetýär. Elektrokar 93,4 kWt kuwwatly batareýa bilen üpjün edilendir. Onuň zarýadka mümkinçiligi 22,5 minuta barabar we bir zarýadkada 365 km çenli ýoly geçip bilýär. «Taycan GTS» 20 dýuýmlyk aerodinamiki gara reňkli tigirler bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň öňki oturgyçlary 18 görnüşde sazlanýar. Elektrikli awtoulagyň bahasy, takmynan, ABŞ-nyň 131,400 dollaryndan başlaýar.