Türkmen saz sungatynyň taryhy

22 Noýabr 2021
3619

Aýdym-saz sungaty türkmen halkynyň geçen taryhy ýoly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ruhy baýlyk köptaraplaýyn özleşdirilip, aýdym-saz sungaty hakynda gürrüň edilende ýa-da makaladyr kitaplar ýazylanda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmen medeniýeti», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary her birimize nusgalyk ýol görkeziji şamçyragdyr. Bu kitaplarda beýan edilýän maglumatlar diňe bir türkmen halkynyň gadymy medeniýeti we sungaty babatda däl-de, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň medeni baýlyklarynyň taryhyny öwrenmek üçin hem gymmatly çeşmedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Bu günki gün Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy biziň ählimizi öz halkymyzyň taryhyna ýaňadan nazar aýlamaga iterýär» diýip belleýär. Bu parasatly jümleler türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhyny öwrenenimizde hem esasy çelgi bolup hyzmat edýär.

Fizika, matematika hem-de biologiýa ugurlarynyň birleşmeginden emele gelýän saz sungaty, esasan, üç zady özünde jemleýär. Şolaryň birinjisi — saz sungatynyň taryhy, ikinjisi — bu sungatyň nazaryýeti we üçünjisi — saz eserleriniň ýerine ýetirilýän pursatlarynda bu sungatyň diňleýjilere edýän täsiri. Bolup geçýän üýtgeşmelerdäki umumylyklar ýa-da şol bir saz eseriniň dürli sebitlerdäki tapawutlarydyr.

Çaryýar JUMAÝEW,
Sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory.