Aýyň geologiýa gözlegleri üçin gamma we neýtron spektrometriň (LGNS) ilkinji nusgalary Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Älem gözleg instituty tarapyndan işlenip düzüldi. Häzirki wagtda enjamyň doly göwrümli we termiki prototipleri institutyň amaly-iş usullary kärhanasyna iberilip, synagdan geçirilip başlandy.
Russiýa Federasiýasy ilkinji «Luna-25» Aý missiýasyny 2022-nji ýylda amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Ondan soňky «Luna-26» 2024-nji ýylda äleme uçurylar. Şeýle-de «Luna-27» 2025-nji ýylda, «Luna-28» bolsa 2027-nji ýa-da 2028-nji ýylda äleme uçurylar.