Açyk çäreleri üpjün ediji «Vista Outdoor» kompaniýasy 2021-nji maliýe ýylynyň ikinji çärýeginiň netijeleri barada hasabatyny çap etdi. Hasabata laýyklykda, «Vista Outdoor» kompaniýasynyň girdejisi «The Wall Street Journal» gazetiniň beren çaklamasyndan has ýokary boldy. Has dogrusy, şu ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň girdejisi ABŞ-nyň 2,9 milliard dollaryndan ABŞ-nyň 2,95 milliard dollaryna çenli ýokarlandy. Kompaniýanyň her bir paýnamadan alan girdejisi bolsa, ABŞ-nyň 8 dollaryna deň boldy.
Geçen hepdäniň birža söwdalarynda «Vista Outdoor» kompaniýasynyň paýnamalary ABŞ-nyň 46 dollary möçberinde bahalandy.