Ykdysady üstünlikler — döwrümiziň bezegi

2 Noýabr 2021
1083

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna esaslanan, halkymyzyň abadançylygyny we durnukly ykdysady ösüşi üpjün edýän düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz tarapyndan ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Döwlet tarapyndan öz haryt öndürijilerine goldaw berilmegi esasynda, içerki bazary ösdürmäge, ýeterlik derejede bäsleşik gurşawyny döretmäge hem uly üns gönükdirilýär. Ýöredilýän döwlet syýasaty, ýurduň köpugurly ykdysady kuwwaty ägirt uly wezipeleri çözmäge hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Eziz Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy milli bähbitleriň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna getirdi. Milli ykdysadyýetiň howpsuzlygyna baha berlende, esasy ulanylýan görkezijiler maýa goýum we innowasiýa bilen baglanyşyklydyr. Çünki milli hojalygyň maddy ulgamy diňe maýa goýumlaryňdyr innowasiýalaryň hasabyna artýar we täzelenýär. Ýurduň maýa goýum işlerini barha höweslendirmegi önümçiligiň täzelenmegine, ykdysady gatnaşyklaryň durmuş ulgamy bilen utgaşykly ösüşiniň gazanylmagyna, ilatyň durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagyna getirýär. Ýurduň ylmy-tehniki kuwwaty çalt ösýän bolsa, onda ykdysadyýet hem durnukly ösüşini dowam etdirýär. Munuň üçin bolsa, maýa goýumlaryň we innowasiýalaryň giňden durmuşa ornaşdyrylmagy zerurdyr. Maýa goýum işi jemgyýetiň üznüksiz önümçiliginiň möhüm düzüm bölegidir. Maýa goýum — munuň özi milli we daşary ýurt maýalarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna uzak möhletleýin goýlan sermaýasydyr. Maýa goýumlar geljekde has uly girdeji gazanmak maksady bilen, häzirki geljek peýdany almakdan saklanyp, ony ösüşe ugrukdyrmakdyr. Maliýeleşdirmegiň, şol sanda maýa goýumlaryň çeşmeleri bolup hususy we daşyndan çekilen serişdeler çykyş edýär. Maýa goýumlar ykdysadyýetiň düzümleýin täzeden emele gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Täze şertlere laýyk gelýän önümçiligi döretmek we ösdürmek, ozalky önümçiligi täzeçil ugurlara gönükdirmek gös-göni maýa goýumlar bilen baglanyşyklydyr.

Oguljeren NURYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar