Energetika ulgamynyň kuwwaty artýar

22 Oktýabr 2021
1345

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň energetika kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Golaýda berkarar Diýarymyzyň gündogar sebitinde elektrik stansiýasy açylyp ulanylmaga berildi. Kuwwatlylygy 432 MWt-a deň bolan bu möhüm desga şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Bu elektrik stansiýasy tutuş Merkezi Aziýada iň iri gazturbinaly elektrik stansiýalaryň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda öňden hereket edýän elektrik energetiki desgalary barada gürrüň etmek aýratyn guwandyryjydyr. Döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, Garaşsyz Türkmenistanda ilkinji gurlan elektrik stansiýasy hem Lebap welaýatynda ýerleşýär. Bu desga Seýdi ýylylyk elektrik merkezi bolup, onuň 1-nji energoblogy 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanyşa girizildi. 2004-nji ýylda bolsa 2-nji energoblogy bilen güýçlendirilen ýylylyk elektrik merkeziniň bellenilen kuwwatlylygy 160 MWt-a deň boldy. Lebap welaýatynda henize çenli iň kuwwatly elektrik desgasy hökmünde tanalýan Döwletli etrabyndaky «Watan» döwlet elektrik stansiýanyň kuwwaty 254 MWt-a deňdir. 2014-nji ýylda Çärjew etrabynda açylan «Lebap» Döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa, 149,2 MWt-a deňdir. Görşümiz ýaly, diňe Lebap welaýatynda gurlan elektrik desgalaryndan mysal alanymyzda hem ýurdumyzyň energetika kuwwatlylygynyň ýylyň-ýylyna giň gerimler bilen artýandygyna göz ýetirmek bolýar.

Kuwwatly elektroenergetika pudagynyň giň gerim bilen ösdürilýän hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýan döwri bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen dürli maksatly ulanyşa girizilýän onlarça döwrebap desgalaryň biri bolan, Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylda badalga berlipdi. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanyşa girizilen bu desga «Mitsubishi Power Ltd.» ýapon kompaniýasynyň her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan 3 sany gazturbinaly enjamlary we beýleki döwrebap enjamlar oturdyldy.

Maral AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar