Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

1 Oktýabr 2021
1365

29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi. Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyndaky bu çäre aýratyn dabaraly ýagdaýda geçdi.

Dabaranyň geçýän ýerinde halkymyzyň baý medeni mirasynyň subutnamalary bolan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň nusgalary sergi diwarlyklarynyň ajaýyp derejede üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň joşgunly çykyşlary baýramçylyk çärelerine ajaýyp öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda çapdan çykan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahatdyr. Milli Liderimiziň eserinde bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň hemişe arzuw eden, ikinji müňýyllygyň ahyrynda döredilen Garaşsyz Türkmen döwleti dünýäniň syýasy kartasynda mynasyp orny eýeläp, tutuş adamzada öz şuglasyny saçyp, düýbünden täze, bagtyýar döwrüň başlanandygyny alamatlandyrdy. Döwlet Baştutanymyz kitabynyň sahypalarynda Garaşsyzlyk hem-de onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we häzirki Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagynyň durýandygyny nygtaýar.

"Nesil".