«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Tutuş ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Bu ösüşler diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny aňladýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösmegi, bazar gatnaşyklarynyň dünýä derejesine çykmagy ätiýaçlandyryş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriniň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi.
Ätiýaçlandyryş hyzmatlary halkara ätiýaçlandyryşyň bazarynda gabat gelýän ülňülere laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini goramakda halkara ätiýaçlandyryş tejribesi ulanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy müşderilere emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitleri bolan hökmany döwlet ätiýaçlandyryşyň 6, meýletin ätiýaçlandyryşyň 46 görnüşini hödürleýär.