Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maliýe usullarynyň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna serişdeleri amatly peýdalanmak, durnukly esasda uzak möhlete maýa goýumlary çekmek hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny fiziki we ýuridik şahslaryň gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklarynyň kadalaryny özünde jemleýär. Paýnamalaryň we obligasiýalaryň çykarylmagy arkaly gymmatly kagyzlar bazarynyň emele gelmegi haryt önümçiliginiň giňeldilmegine oňaýly täsir edýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň paýdarlar jemgyýetleri gymmatly kagyzlar babatynda ilat köpçüligine mahabatlaryny yzygiderli hödürleýärler. Sebäbi olaryň çykarýan gymmatly kagyzlaryna bolan islegiň artmagy çykarylýan gymmatly kagyzlara tölenilýän göterimleriň oňyn netijesini üpjün edýär.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegini gazanmak maksady bilen, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Munuň özi bolsa, gazna biržasynyň işiniň halkara tejribäniň talaplaryna laýyklykda guralmagyny üpjün edýär we onda döwlete dahylly gymmatly kagyzlaryň ýerlenilmegine hem-de hususy taraplaryň hem paýnamalaryny dolanyşyga çekmegiň ýola goýulmagyna ýardam berýär.