Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň dabaralanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparynda bolup, Jebel şäherçesinde Balkanabat Halkara howa menziliniň düýbüni tutup bermegi möhüm taryhy wakadyr. Milli Liderimiziň: «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygary häzirki güne çenli durmuşa geçirilýän ähli asylly başlangyçlaryň, şol sanda ulag-logistika ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda bu ulgamda amala aşyrylan ägirt uly taslamalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda: «Awtoýollary, polat ýollary, deňiz ýollary, howa ýollary, ýangyçenergetika ýollary — bularyň ählisi gadymy kerwenleriň gatnan Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap keşbidir. Ýollar halklary doganlaşdyrmaga, medeniýetleri baýlaşdyrmaga çagyrýar. Türkmenistanyň tutuş sebitde ulag-logistika merkezine öwrülmeginiň düýp maksady hem şundadyr» diýip belläp geçýär. Dogrundan-da, bu gün Garaşsyz ýurdumyz Gündogar bilen Günbataryň arasynda kemala gelen ykdysady we medeni köprüni täze şertlerde hem-de döwrebap başlangyçlarda gaýtadan dikeltmegi maksat edinýär. Häzirki döwürde dünýäde ulag ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti has-da artýar. Olar diňe bir ýükleri we ýolagçylary daşamak üçin däl, eýsem, ösüş we özgeriş maksatlary bilen ýurtlary, yklymlary birleşdirmek, medeni, ykdysady hyzmatdaşlygy we parahatçylygy berkitmek üçin hem zerurdyr.