Täsin şaglawuklar

7 Iýul 2021
2404

Şaglawuklar ýurdumyzyň gözel tebigatynyň täsinlikleriniň biridir. Biziň ýurdumyzda Goşdemir, Nohur ýa-da Hür-hüri, Degirmenjik, Umbardere ýaly birnäçe şaglawuklar bar.

Goşdemir şaglawugy — Sumbar derýasynyň ýokary akymyndaky iň ajaýyp tebigy ýadygärlikleriň biridir. Şaglawukda 4 sany basgançak bolup, olaryň aralygy 1-3 kilometr. Şaglawuk has gurak ýyllarda tomus düşmänkä guraýan hem bolsa, gyş, ýaz-ygal ýeterlik ýagýan wagtynda ýagyş suwy Goşdemriň aşakdan birinji — has uly basgançagynda kert daşyň üstünde 50 metre çenli ýaýrap, akýan suw güýçli şaggyldy bilen 15 metr beýiklikden dik aşak inýär. Akymyň tersine, egrem-bugram derýanyň içi bilen 1,5 kilometre golaý geçeniňden soň Goşdemriň ikinji basgançagy başlanýar. Şaglawuk döredýän ýylçyr kert basgançagyň beýikligi 5 metre, giňligi 25 metre çenli kiçelýär. Ondan ýokarlygyna — üçünji basgançaga gitdigiňçe suw kem-kemden azalýar. Goşdemriň üçünji basgançagynyň beýikligi 5 metre barabardyr, suwuň şaglawuk döredýän ýylçyr daşly ýeriniň ini bolsa 10 metr çemesidir. Dördünji, iň ýokardaky şaglawugyň ini welin, 2 metre hem ýetmeýär.