Hyzmatdaşlygyň aýdyň ýoly

1 Iýul 2021
1109

Häzirki wagtda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ata Watanymyz Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Ýurdumyz dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen köpýyllyk özara gatnaşyklarynyň netijesinde, ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýle-de türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ýurdumyzda medeniýetiň hem-de bilimiň ösdürilmegine, medeni we tebigy mirasyň aýawly saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine uly üns berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek, Medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini goramak we höweslendirmek, ýokary bilim babatda hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýalaryna goşulmagy bilen bagly meseleleriň üstünde degişli işler geçirilýär.

Akmyrat GYLYÇLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.