Gözelligiň we döwrebaplygyň nusgasy

9 Iýun 2021
1391

«Akylly» şäher, «şäher içindäki şäher», «sanly ak öýli şäher», «Aşgabat-siti» — bular «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen adyň mynasyp eýesi bolan milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan täzeçil mega-taslama babatda aýdylýan ýörgünli sözlerdir. Täze guruljak «akylly» şäheriň gurluşygyna badalga bermek dabarasynda hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň ak mermerli paýtagty iň owadan we döwrebap megapolis bolmalydyr» diýip belledi. Umumy meýdany 744 gektar boljak, dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine aljak bu ägirt uly toplumyň — «Aşgabat-sitiniň» durmuşa geçirilmegine badalga berilmegi, paýtagtymyzyň demirgazygynda birbada 140 sany kottej jaýyň ulanmaga berilmegi baýramçylyk dabaralarynyň şatlygyny has-da artdyrdy. Alym Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly eseri Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Ol merjen şäherimiziň tarypy bolup dünýä dolýar. Baş şäherimizi gülledip ösdürmäge sungat derejesinde çemeleşýän milli Liderimiziň yhlas-aladasyndan kemala gelýän Aşgabat, hakykatdan-da, özboluşly sungat eserini ýada salýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde duran paýtagtymyzyň binagärlik keşbi milli özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Çünki döwlet Baştutanymyz şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümine, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyna uly üns berýär. Magtymguly Pyragy: «Döwletliniň ugran işi oň görner» diýýär. Milli Liderimiziň umumydünýä ösüşlerine we ynsanyýet bähbitlerine gönükdirilýän başlangyçlary biragyzdan gyzgyn goldawa, mynasyp seslenmä eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Sebäbi ol Birleşen Milletler Guramasy bilen ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu gurama bilen netijeli gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamyndaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda bu netijeli gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, olaryň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň ugry boýunça Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşmäni görkezýär.

Göwher GELENOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.