Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Döwlet gümrük gullugynyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu bolsa, gümrük edaralarynyň işiniň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna, harby gullukçylar üçin amatly iş şertleriniň döredilmegine şert döredýär.
Bu gün Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň daşary ykdysady işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmäge işjeň gatnaşyp, döwlet dolandyryş ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Gulluk ýurdumyzyň daşary söwdasynyň we ykdysadyýetiniň ösdürilmegine ýardam bermekde, berkarar Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda, gümrük işiniň çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişini üpjün etmekde wajyp wezipeleri amala aşyrýar.