Çig malyň tonnalary artýar

12 Maý 2021
1625

Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň edermen ýüpekçileri welaýatymyzda ilkinji bolup, pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Olar kümüşsöw çäje 31, 5 tonna piläni goşant etdiler.

Daýhan birleşiginde tejribeli ýüpekçileriň 434-si yhlasly zähmet çekýär. Olar, her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem ilkinji bolup pellehana gelmegi başardylar. Häzirki gazanylan sepgit iň soňky netije däl. Heniz ýüpekçiler gymmatly çig malyň tonnalarynyň sanynyň artjakdygyna ynandyrýarlar. Munuň şeýledigine her gün tabşyrylýan hasylyň yzynyň üzülmeýändigi hem güwä geçýär. Etrabyň ýüpekçilik boýunça hünärmeni Jumageldi Döwletow daýhan birleşigi boýunça ýene-de 7-8 tonna pile hasylynyň ýygnalmagyna garaşylýandygyny ynam bilen aýdýar.

Sülgün KERIMOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni.