Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär.
Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere dürli görnüşli maliýe hyzmatlaryny hödürleýär. Olara mysal hökmünde hasaplaşyk, gündelik we goýum hasaplarynyň açylmagyny, hasaplar boýunça pul geçirimleriniň amala aşyrylmagyny, pul serişdeleriniň saklanylmagyny, pul serişdeleri boýunça müşderilere we olaryň ynanylan wekillerine degişli tassyknamalaryň berilmegini, töleg tabşyryklary, çekler, inkasso, akkreditiw hem-de bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklary we hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini görkezmek bolar. Ilata ýokary hilli maliýe hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bank işjeňligini gazanmak maksady bilen, bank hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.