Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, taryhymyzy we medeni mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi netijesinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde toplumlaýyn arheologik gazuw-agtaryş işleri amala aşyrylýar. Barlag işleri geçirilýän ýadygärlikleriň biri-de, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärligidir.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly işiniň birinji kitabynda: «Paryzdepäniň taryhyny düýpli öwrenmegiň, onuň durmuşynyň ýyl ýazgysyny, ösen döwürlerini dikeltmegiň möhümdigini bellemek bilen, men bu ugurdan alymlaryň ylmy-barlag, derňew işleriniň özüniň talabalaýyk netijesini berjekdigine ynanýaryn» diýip belleýär. Bu ýadygärlikde ilkinji barlag işleri XX asyryň dowamynda A.A.Maruşenko, B.A.Litwinskiý hem-de W.N.Pilipko tarapyndan geçirilipdir. Häzirki wagtda arheologik gazuw-agtaryş işleri döwrebap enjamlar bilen öwrenilýär. Islendik ýurduň ösüşi onuň ylym-bilim ulgamynyň derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak ýurdumyzda möhüm işleriň biri bolup durýar.