Kitap — akyl-paýhas hazynasy

26 Aprel 2021
2008

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň esasyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Türkmen halky öz geljegine diýseň ynamly garap, parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli, durmuş taýdan gülläp ösýän, syýasy we ykdysady taýdan pugtalanýan asuda Watanymyzda ruhubelentlikde ýaşap, döredijilikli zähmet çekýär. Bilimi we ylmy ösdürmek, ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda hem häzirki döwürde uly işler alnyp barylýar.

Ynsanyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynyň esasy bolup durýan medeniýet hakynda gürrüň edilende, akyl-paýhas hazynasy bolan kitabyň göz öňünde janlanmagy tebigy ýagdaýdyr. Çünki jemgyýetiň ösmeginde, ynsan gözýetiminiň giňelmeginde kitabyň ähmiýeti örän ýokarydyr.

Bagtygül ŞABEDINOWA,
Hazar şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.