Taryhy künjege syýahat

18 Aprel 2021
2990

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň çäginde ýerleşýän Abiwerd galasyna syýahat guraldy. Edara-kärhanalarda işleýän işjeň ýaşlar üçin guralan bu syýahatyň esasy maksady olaryň şan-şöhratly taryhymyza bolan buýsanjyny artdyrmakdan, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny ösdürmekden ybarat boldy.

«Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Halmyradow ýaşlara etrabyň çäginde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler barada gyzykly gürrüň berdi. Ady taryha siňen Nusaýyň we Merwiň aralygynda ýerleşýän Abiwerdiň döreýiş taryhy, ondan tapylan tapyndylar, şol döwrüň adamlarynyň meşgullanýan kärleri, oba hojalyk işlerinde ulanan gurallary, galany goraýjylaryň söweş tilsimleri dogrusyndaky gürrüňler syýahata gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.

Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.