Zenan — öýüň diregi, ene — ojagyň söýesi

4 Mart 2021
1523

Halkymyzda zenanlara goýulýan sarpa belentdir. Ene diýlende, ozaly bilen, maşgalada ogul-gyz perzentlerini ile-güne haýyrly, Watana wepaly edip terbiýeläp ýetişdirýän mukaddeslik mekdebi göz öňünde janlanýar.

Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde «Elbetde, adamyň kemala gelmegi üçin jemgyýetiň hem iňňän uly ähmiýeti bardyr. Ýöne jemgyýetiň ösüşlerine goşandyny goşýan şahsyýetiň, ilhalar ynsanyň kemala gelmegi ata-enäniň göreldesiniň, tälim-terbiýesiniň netijesidir, olaryň perzendi hakyndaky iň süýji arzuwynyň amala aşmasydyr» diýip belleýär. Şu parasatly jümlelerden hem görnüşi ýaly, ene hem-de ata terbiýesi perzendiň gowy adam bolup kemala gelmeginde jemgyýetiň terbiýesinden hem ilkinji zerurlyk bolup durýar.

Sarygül BATYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.