Ösüşlere beslenýän paýtagtymyz

4 Mart 2021
1072

Türkmen halky iňňän gadym döwürlerde hem ajaýyp desgalary gurmakda, olaryň özboluşly binagärlik keşbini döretmekde dünýäde meşhurlyk gazanypdyr. Munuň hut şeýledigine Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky gadymy Amul, Merw, Köneürgenç, Dehistan, Nusaý ýaly öz döwründe iň bir owadan şäherler aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty gözel Aşgabat ata-babalarymyzyň binagärlik sungatyndan gözbaş alyp, Gündogaryň merjen şäherine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň “Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys” diýip parasatly bellemegi, eziz paýtagtymyzyň bedew batly ösüşlerinden habar berýär.

Selbi BATYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar