Ýylyň ähli paslynda saglygyňyzy goramak üçin lukman maslahatlary

15 Fewral 2021
1207

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen bagly ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin howa şertlerine görä gün tertibini dogry alyp barmak zerurdyr. Şu maksat bilen her birimiz:

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derläp, öl saçly daşaryk çykmaly däl.