Bagtyýarlygyň mekany

14 Fewral 2021
1171

Ýurdumyzy gurşap alan ösüşlerdir özgertmeleri, ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli işleri ildeşlerimiziň, şol sanda okyjylaryň arasynda wagyz-nesihat etmäge işjeň gatnaşýan kitaphana işgärleri sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen baglanyşykly düşündiriş işlerini alyp barmakda hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Biz — kitaphana işgärleri şu günler okyjylara döwrebap kitaphana hyzmatlaryny amala aşyrýarys, okyjylar bilen düşündiriş we wagyz-nesihat işlerini alyp barýarys.

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen alnyp barylýan işleriň ähmiýetini düşündirmek bilen, okyjylara her bir adamyň öz saglygy hakynda alada etmelidigi, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermelidigi barada gürrüň berýäris. Şeýle asylly işleri hormatly Prezidentimiziň galamyna degişli bolan gymmatly kitaplar bilen baglanyşdyryp alyp barmagymyz has oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby, «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Çaý — melhem hem ylham», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitaplary bu ugurda gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.

Ogultäç NURBERDIÝEWA,
Tejen şäher merkezi kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy.