Buýan köküniň adam saglygyna peýdasy

14 Fewral 2021
1347

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen «Saglyk» döwlet maksatnamasy halkymyzyň saglygyny goramaga we ony berkitmäge gönükdirilen taryhy ädimdir. Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ynsan saglygy baradaky aladanyň döwlet derejesinde ykrar edilip, hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Maksatnamada ýerli derman senagatyny ösdürmek, bu işde ýerli çig mallardan peýdalanmak, ýurdumyzyň ilatyny we bejeriş edaralaryny ýerli senagatymyzyň öndürýän ekologiýa taýdan arassa we bäsleşige ukyply derman serişdeleri bilen ýeterlikli üpjün etmek meselesine uly orun berilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, olary öz wagtynda ýüze çykarmakda, gaýraüzülmeleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny dikeltmekde ýurdumyzyň keramatly topragynda ösýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňden maglumat berýän hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” we “Çaý — melhem hem ylham” atly kitaplary diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem halk köpçüligi üçin gymmatly we uly ähmiýetli ylmy çeşmä öwrüldi. Şol kitaplarda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän dermanlyk çaýlary ildeşlerimize hödürlenýär.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.