Sagdyn durmuş ýörelgesi — munuň özi adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýyş, zähmet, jemgyýetçilik, maşgala dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegine, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini düzetmek üçin öňüni alyş çärelerini amal etmäge gönükdirilen adamyň durmuşynyň keşbidir.
Ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän halkymyzy sagdyn hem-de ruhubelentlikde zähmet çekmäge ruhlandyryp, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna itergi berýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.