Gadymy mirasymyzyň, şöhratly taryhymyzyň beýany

1 gün öň
130

Türkmen halky kitaba, pähimli sözlere belent sarpa goýýan halkdyr. Çünki kitap döwrüň taryhyny, halkyň durmuşyny we ruhuny özünde jemleýän gymmatlykdyr, bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Özi hem şöhratly taryhymyza buýsanç döredýän ajaýyp kitap gymmatly gollanmadyr. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyny ýüzümize sylyp, şöhratly taryhymyza aýdyň göz ýetirýäris, pähimdar pederlerimize buýsanýarys.

Şöhratly taryhymyzy we gadymdan gözbaşly edebiýatymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ähmiýeti uludyr. Bu her birimiz, esasan hem, alymlar üçin uly gollanmadyr. Häzirki döwrüň beýikligine we uzak geçmişiň şöhratyna düşünmek ynsany ruhy taýdan baýlaşdyrýar. Şonuň üçin hem beýik siwilizasiýalar, medeni ojaklar hakynda söz açylanda hökmany suratda pähimdar pederlerimiziň asylly ýörelgeleri aňymyzda janlanýar. Bu hem pähimdar pederleriň, akyldarlarymyzyň döreden gymmatlyklaryna düşünmäge ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Pederlerimiz asyrlaryň mizan eleginden geçirip, bu durmuş hakykatyny pähime öwrüpdirler: Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz. Geçmiş — geljegiň berk binýady. Geçmiş — geljegi gurmagyň sapaklary. Geçmiş — pähim-parasat. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy — mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlylygyň, belent ahlaklylygyň taryhy». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoly geljegimiziň berk binýadydyr.

Maral AMANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.