Asylly ýörelgäniň mekdebi

1 gün öň
45

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde toplanan ägirt uly tejribelerimizden ugur alyp, bu gün ýaş nesilleri terbiýelemek we okatmak babatda uly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle hem ata-babalarymyzyň beýik işleri, edep-terbiýe, ruhy gymmatlyklar, mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz hakyndaky çuňňur many-mazmuna ýugrulan çykyşlary ýaş nesiller üçin ýol-ýörelge mekdebidir. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde ömrüniň manyly menzilleri hakyndaky ýatlamalary, her bir ynsan üçin, galyberse-de, bütin adamzat üçin gymmatly bolan arzuw-umytlary, pikir-garaýyşlary, Watanymyzyň ösüş menzillerini beýan edýär.

Babahan BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.