Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2 gün öň
143

Aşgabat, 21-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň barşynda birnäçe kanunlaryň kabul edilendigi barada aýdyldy. Olar häzirki döwrüň talaplary hasaba alnyp hem-de degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini, kanunçylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Beýleki habarlar