«MÄHIRLI» IŞDÄAÇARY

21 Dekabr 2024
186

Güýz paslynda howanyň salkynlap başlamagy bilen, işdäaçarlara bolan isleg has-da artýar. Olary taýýarlamak üçin öý bikelerimiz hemişe taýýar. Emma muňa garamazdan, işdäaçar näçe çalt taýýar bolsa, şonça-da wagt tygşytlanýar. Şonuň üçin žurnalymyzyň bu gezekki sanynda taýýarlamasy kyn bolmadyk «Mähirli» işdäaçarynyň taýýarlanyşyny size ýetirmegi makul bildik.

«Mähirli» işdäaçary hem lezzetli, hem ýokarda belleýşimiz ýaly, çalt taýýarlanylýan işdäaçardyr. Munuň üçin gündelik ulanylýan önümler ýeterlikdir. Işdäaçarymyzy taýýarlamak üçin ilki bilen ter hyýary, gaýnadylan ýumurtgany we şöhlaty kiçijek dörtburç şekilde dogramaly. Olaryň üstüne süýri edip dogralan peýniri we konserwirlenen nohudy goşmaly. Soňra garyndynyň üstüne islege görä duz we maýonez goşup garmaly. Taýýar bolan işdäaçar günüň islendik wagtynda hem bereketli saçagyňyzyň bezegi bolar. Işdäňiz açyk bolsun!

Taýýarlan Mahym SELIMOWA
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.