Sanly tehnologiýalar: oňyn tejribe — bagtyýar geljek

20 Dekabr 2024
71

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamlar, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi şu jähetden wajyp ähmiýete eýedir.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Arkadag şäheri «akylly» şäher gurluşygynyň milli nusgasy bolup, dünýä binagärliginiň öňdebaryjy gazananlaryny we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Bu ýerde halkara ölçeglere gabat gelýän toplumlaýyn düzümler, şol sanda tebigaty goramak babatda netijeli çözgütler ilatyň abadan durmuşyny üpjün edýär. Onuň çäginde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berlip, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdelerden peýdalanylýar. Şu gezekki halkara ylmy-amaly maslahat hem bu ugurda ulgamlaýyn esasda işleri alyp barmak, milli tejribäni paýlaşmak, «akylly» şäher konsepsiýasyny yzygiderli ornaşdyrmak maksady bilen guraldy.

«Nesil».